Italiýa Ortaýer deňzi sebitinde ilkinji deňiz ýel elektrik stansiýasyny resmi taýdan işe girizdi. Italiýanyň günortasyndaky Taranto portunda geçirilen dabaranyň elektrik toruna birikdirilen «Beleolico» taslamasynyň turbinalaryny hytaý kompaniýasy gurnady. «Beleolico» taslamasynda umumy kuwwaty 30 MWt bolan 10 sany turbina bar. Hytaý enjamlaryny üpjün ediji «Ming Yang Smart Energy Group Ltd.»-niň maglumatlaryna görä, bu ýel elektrik stansiýasy ýylda 200 müň töweregi hojalygy energiýa bilen üpjün edip biler.
Italiýanyň daşary işler ministri Italiýanyň täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmagy we milli energiýa balansyndaky paýyny artdyrmak isleýändigini aýtdy.
– Deňiz energiýasy, Italiýa ýaly iri kenarýaka sebitleri bolan ýurtlar üçin ykdysady mümkinçilikleri döredip, ýaşyl ykdysadyýete geçmek prosesine kömek edip biler. Şeýle-de mawy ykdysadyýet bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda ýerli gymmatlyklar zynjyrynyň ösmegine ýardam berer – diýip, Luiji Di Maýo belledi.
Hytaýyň «Ming Yang Smart Energy Group Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Wang Lihe, bu taslamanyň Hytaý we Ýewropa kompaniýalarynyň arasynda deňizdäki ýel tehnologiýasy we tejribe alyş-çalşyny güýçlendirendigini we arassa energiýanyň ösmegine we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini aýtdy.