Italiýada geljek okuw ýylyndan başlap, ýokary synpda okaýan mekdep okuwçylarynyň el telefonlaryny ulanmagy gadagan edildi. Täze düzgüne görä, bu çäklendirme diňe sapak wagtynda däl, eýsem, okuwyň bütin dowamyna degişlidir. Ýurduň bilim ministri Juseppe Walditaranyň gol çeken kararyna görä, mundan ozal diňe başlangyç syndaky okuwçylara degişli bolan çäklendirme indiden beýläk, ähli mekdep okuwçylaryna degişli bolar. Ministr ylmy barlaglaryň aýdyň ýüze çykaryşy ýaly, smartfonlaryň aşa köp ýa-da nädogry ulanylmagy ýetginjekleriň saglygyna, rahatlygyna we mekdepdäki ýetişigine oňaýsyz täsir edýändigini aýtdy. Smartfonlar diňe fiziki mümkinçiligi çäkli ýa-da öwrenmek ukyby pes okuwçylara goldaw bermek maksady bilen ulanylyp bilner. Şeýle hem okuw maksatnamasyna görä, programma üpjünçiligi ýa-da telekommunikasiýa degişli derslerde ulanylyp bilner.