Futboldaky iň uly ýaryş hasaplanýan Dünýä Kubogy ýene bir ýola bu bäsleşikde 4 çempionlygy bolan Italiýasyz geçer. Bu ýagdaý eýýäm däbe öwrülip barýar. Yzly-yzyna 3-nji gezek Dünýä Kubogynyň daşynda galýan Italiýa soňky sapar 2014-nji ýylda gatnaşypdy. Bu olaryň şu wagta çenli gatnaşyp bilmedik 5-nji Dünýä Kubogy bolar. Italiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna gatnaşmakda, 2018-nji ýyla çenli Braziliýadan soň Germaniýa bilen 2-njiligi paýlaşýardy. Olar 2018-nji ýyla çenli diňe 1930-njy we 1958-nji ýyllardaky Dünýä Kubogyna gatnaşmandy. Mahlasy, 1934-nji, 1938-nji, 1982-nji hem-de 2006-njy ýyllarda Dünýä Kubogyny gazanan we 2 gezek finalda utulan Italiýanyň ýygyndysy 2018-nji we 2022-nji ýyllardan soň, 2026-njy ýyldaky çempionaty hem goýbermeli bolar.

UEFA “A” geçelgesinde ýarym finalda Demirgazyk Irlandiýany 2-0 hasabynda ýeňen Italiýa finalda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda italýanlar 15-nji minutda Moýza Keniň owadan goly bilen hasaby açdylar. Ýöne Jennaro Gattuzonyň şägirtleri üçin şowsuzlyk 1-nji ýarymyň ahyrynda başlady. 41-nji minutda Alessandro Bastoniniň gyzyl kart almagyndan soň meýdançada 10 oýunçy bolup galan italýanlar soňky minutlara çenli goransa-da, olara Haris Tabakowiçiň 79-njy minutdaky goluna çäre tapmak başartmady. Duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlanyp, goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi. Oýundan soňky 11 metrlik urgularynda bolsa italýanlar şowsuzlyga uçrady. Bosniýalylaryň ýerine ýetiren 4 urgusy-da takyk bolup, italýanlarda Esposito hem-de Kristanteniň urgulary dürs bolmady.

Netijede, 4-1 hasabynda üstün çykan Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy 2014-nji ýyldan soň, ýagny 12 ýyllyk arakesmeden soň, taryhynda 2-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda “B” toparçada ýer eýesi Kanadanyň, Şweýsariýanyň hem-de Kataryň ýygyndylary bilen duşuşar.
PDF









