9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň iDOGI kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentininiň we italýan binagäri Serjio Ferrandiniň gatnaşmagynda italýan dizaýny barada mugallymlaryňdyr talyplaryň arasynda döredijilik duşuşygy we okuw sapagy geçirildi. Bu çäre bütin dünýäde bellenilýän Italýan dizaýn günlerine bagyşlandy. Italýan dizaýnynyň günleri Italiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan esaslandyrylan giň gerimli taslama bolup, onuň maksady “Made in Italy” konsepsiýasyny wagyz etmekden we italýan dizaýnynyň estetikany, innowasiýany hem-de funksionallygy özünde näderejede birleşdirip bilýändigini görkezmekden ybaratdyr. Ýurduň döredijilik mümkinçiliklerine, innowasiýasyna we dizaýn zehinine bagyşlanan Italýan dizaýn güni mynasybetli her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda sergiler, okuw we ussatlyk sapaklary, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Italiýa tejribe alyşmak üçin dünýäniň dürli şäherlerine binagärleri, dizaýnerleri, telekeçileri iberýär. Bu taslamynyň çäginde, adatça, dizaýn sungatynyň üç sütüni barada gürrüň berilýär. Onuň birinjisi miras we senetçilik däpleriniň döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşmagy hakdadyr. Ikinjisi, ekologiýa taýdan arassaçylyk meseleleri bilen baglydyr. Sebäbi soňky ýyllarda bütin dünýäde jemgyýetçiligiň esasy ünsi “ýaşyl” dizaýna, materiallary gaýtadan işlemäge hem-de durnukly ösüşe gönükdirildi. Üçünjisi bolsa funksionallyk wezipelerine gönükdirilýär. Munuň özi senagat dizaýnynyň gündelik durmuşyň hilini ýokarlandyrmakdaky orny baradaky pikirleri öňe sürýär. Italýan dizaýnynyň günlerinde, esasan, dizaýn bilen baglanyşykly “Geljegi taslamak”, “Giňişlikde ýagtylygyň orny”, “Gymmatlyk öndürmek: inklýuziwlik, innowasiýa we durnuklylyk” atly temalara ýüzlenilýär. Bu çäre aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin uly meýdançadyr. Halk köpçüligi üçin bolsa mebel, tehnika we moda dünýäsiniň iň meşhur nusgalaryny görmäge döredilen uly mümkinçilikdir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italýan ussatlary “Dizaýn — aragatnaşygyň serişdesi” atly okuw sapagynyň dowamynda meşhur murano aýnasynyň taryhy, syrly tilsimatlary barada gürrüň berdiler.

Murano aýnasy dine bir owadanlyk däl, eýsem, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen çylşyrymly tehnologik özgerişdir. Bu aýnany öndürýän ussahanalar häzirki zaman dizaýnerleri bilen hyzmatdaşlykda bolup, abstrakt formaly heýkel eserlerini, döwrebap interýer yşyklandyryş ulgamlaryny döretmek bilen hem uly meşhurlyk gazanýarlar. iDOGI kompaniýasynyň öndürýän ajaýyp önümleri hem daşky gurşaw — giňişlik, çyzyk, şekil, ýagtylyk, reňk, faktura hem-de nagyş ýaly düşünjeleriň esasynda döredilýär. Häzirki italýan binagärlik sungatynda döwrebap tehnologik çözgütleriň giňden ulanylyşy, minimalizm, funksionalizm alamatlarynyň hem-de lýuks derejeli interýer hem-de senagat dizaýnynyň ösüşi barada hem täsirli çykyşlar edildi.
Ýokary okuw mekdebinde geçirilýän şeýle medeni duşuşyklar türkmen we italýan dizaýn sungatyny ösdürmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu dostlukly we döredijilikli gatnaşyklar dizaýn ugrunda işleýän ýaş mugallymlara, okaýan talyplara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Italiýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy dürli medeni çäreleri sungat sergilerini, moda görkezilişini, aşhana hepdeligini guraýar.
PDF









