Italiýanyň “Gucci” brendi “metaverse” tendensiýasyna goşuldy. Kompaniýa “Sandbox” atly “metaverse” platformasynda wirtual ýer satyn aldy. Hünärmenler modanyň “metaverse” äleminde täze tendensiýa öwrülendigini bellediler. Şeýle hem täze tendensiýanyň meşhur moda markalarynyň sanly platformalarda müşderileri üçin täze tejribe döretmegine mümkinçilik döredendigi bellendi. Kompaniýanyň “Gucci Vault” atly “metaverse” taslamasynyň üstünde işleýändigi mälimdi. Dünýä belli moda öý täze, üç ölçegli moda tejribesini döretmegi maksat edinýär.
Şeýle hem “Gucci” geçen ýylyň maýynda “Christie’s” auksion öýi arkaly NFT kolleksiýasyny auksiona çykarypdy. Mundan başga-da, kompaniýa “Roblox” platformasynda wirtual çäräni gurady. Bu çärä gatnaşanlaryň biri 4 müň dollara “Gucci” torbasyny satyn aldy. Torbanyň hakykysynyň bahasy 3 müň dollar. Bu bolsa, hyýaly dünýädäki zatlaryň hakykysyndan gymmat boljakdygyny görkezýär.
Aýbölek Kömekowa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby