Syýahatçylyk babatda ösen ýurtlaryň biri bolan Italiýa barada gürrüň gozgalanda ozaly bilen lezzetli tagamlary göz öňüňe gelýär. Baý taryhy mirasy bolan bu ýurduň her şäherinde we sebitinde özüne mahsus lezzetli tagamlar taýýarlanýar. Pizzanyň, makaronyň we kapuçinonyň ata Watany bolan Italiýa halkara gastronomiýasynda uly orny eýeleýär.
Margarita pizzasy. «Pizza Margherita» diýlip atlandyrylýan bu tagam ilkibaşda XIX asyrda Naplesde bişirilip başlanýar. Şa zenany Margarita üçin ýörite taýýarlanan bu pizza barmaklar bilen ýazylan hamyryň üstüne pomidor goýaltmasy, mozarella peýniri we ter reýhan ýapraklary goýulýar. Pizza ýörite peçde bişirilýär. Adatça, Margarita pizzasy dört bölege bölünip, gyzgynlygyna müşderilere hödürlenýär. Gyzyl, ak we ýaşyl reňkleri bilen Italiýanyň baýdagyny şekillendirýän bu tagam dünýäde iň köp iýilýän gurak naharlaryň biridir.
Mozarella peýniri. Peýniriň ýumşak görnüşi bolan mozarella Italiýanyň günorta böleginde – Kampaniýa sebitinde döräpdir. Adatça peýniriň bu görnüşi sygyr süýdünden taýýarlanylýan hem bolsa, mozarellanyň nusgawy görnüşi buffalo sygrynyň (bizon) süýdünden taýýarlanylýar. Taryhy maglumatlara görä, mozarella peýniri VII asyrda Hindistandan Italiýa ýerli ýaşaýjylaryň göçüp gelmegi we sygryň buffalo tohumynyň getirilmegi bilen döräpdir. Täze mozarella peýniri 7-10 gün töweregi duzly suwda saklanandan soň iýmäge ýaramly hasaplanýar.
Kapreze işdäaçary. Dilimlenen täze mozarella peýniri, pomidor, reýhan ýapraklary, duz we zeýtun ýagy goşulyp taýýarlanýan bu işdäaçar Margarita pizzasy ýaly Italiýanyň baýdagyny şöhlelendirýär. Günüň islendik wagty iýilýän bu işdäaçar adatça naharyň ýany bilen berilýär. Kapreze işdäaçary pizza ýa-da sendwiç ýaly görnüşde hem taýýarlanylýar. Işdäaçar Kapri adasynyň adyny göterýär.
Florentin bifşteksi. Göläniň etli biloňurga süňkünden taýýarlanýan bu tagam Tuskan sebitiniň iň meşhur tagamlarynyň biridir. Bu tagamy islendik etden taýýarlap bolmaýandygy sebäpli sygryň çianina tohumy ösdürilip ýetişdirilýär. Közüň üstünde suwluja edilip bişirilýän florentin bifşteksi iň halanýan tagamlaryň biridir.
Karbonara. Italýan aşhanasynyň iň meşhur tagamlarynyň biri bolan karbonara gaýnadylan spagettiniň ýa-da unaşyň üstüne inçejik gyýlan et, gyrgyçdan geçirilen peýnir, ýumurtga goýlup taýýarlanýar. XX asyrda Lasio sebitinde oýlanyp tapylan bu tagam hakyky nusgasyndan daşgary dürli görnüşlerde hem taýýarlanýar.
«Arancini». Gowrulan çörek bölekleri Sisiliýanyň aşhanasynyň esasy tagamlarynyň biridir. Içine dogralan et, peýnir ýa-da gök önümler salnyp bişirilýän bu tagam üçin çöregi owradýarlar we ýeralma ýa-da nohut püresi bilen garýarlar. «Altyn topjagazlar» Italiýanyň iň meşhur köçe tagamlarynyň biri hasaplanýar.
Lazanýa. Makaronyň iň gadymy görnüşi bolan lazanýadan taýýarlanýan bu tagam gat-gat edilip bişirilýär. Hamyr ýaly dörtburç kesilen lazanýanyň her gatynyň arasyna peýnir goýulýar we üstüne beşamel çorbasy guýulýar. Soňra peçde bişirilip, böleklere bölünip müşderilere hödürlenýär. Daşyndan göräýmäge torta meňzeýän bu tagam Bolonýa sebitiniň iň gadymy tagamlarynyň biridir. Asyrlarboýy taýýarlanylyp gelinýän bu tagama beýleki ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.
Tortellini. Börege meňzeş bu tagam Italiýanyň Bolonýa we Modena şäherlerine mahsus makarondan taýýarlanylýar. Däp bolşy ýaly, bu tagamyň hurşuna ownuk dogralan et, parmesan peýniri, ýumurtga we owradylan hoz goşulýar. Hamyra salnyp bükülenden soň, kapon çorbasyna atylyp gaýnadylýar. Gaplanan, guradylan we sowadyjyda doňdurylan görnüşde dünýäniň köp ýerinde satylýan tortellini öýde hem taýýarlap bolýar.
Tiramisu. Kofeniň külkesi, ýumurtganyň sarysy, şeker we maskarpon peýniri hem-de kakao tozy garylyp taýýalanylýan bu desert Italiýada iň köp iýilýän süýjülikleriň biridir. «Meni al, meni begendir» diýen manyny aňladýan bu süýjülikden şokoladyň we kofeniň hoşboý ysy gelýär. Bu gatlama, esasan, kofe we şokolad söýüjiler uly isleg bildirýärler.
Želato. Italiýanyň dünýä belli tagamlarynyň biri-de želatodyr. «Doňaklyk» diýen manyny aňladýan bu söz («gelato») iň täze we ter önümlerden taýýarlanýar. Gaýmakly, wanilinli, şokoladly, badamly, fundukly hem-de pisseli görnüşleri bolan doňdurma alma, ýertudana, malina, limon, ananas ýaly miweler hem goşulýar. Dykyzlygy bilen tapawutlanýan želato dürli ýurtlara eksport edilýär.
PDF









