Itler arkaly “COVID-19”-a ýoluganlary ýüze çykarmak boýunça ilkinji barlaglar tamamlandan bir ýyl soň, häzirki wagtda BAE-niň howa menzillerinde 38 gulluk iti işläp, olar kesel ýokaşanlary 98,2 göterim üstünlik bilen kesgitläp bilýär. Bu barada “Reuters” habar gullugy mälim etdi.
Dubaý polisiýasy nemes itlerine koronawirus ýokaşmasy bar bolan adamlaryň bedeninden bölünip çykýan deriniň nusgasy arkaly “COVID-19”-a uçranlaryň ysyny nädip tanamalydygyny öwretdi.
Itler häzirki wagtda howa menzillerinde günde 30-40 barlag geçirýärler. Olar, esasan, BAE-niň howa menzillerinde ulanylyp, zerur halatynda başga ýerlerde hem ulanylmaga taýyn.
– “COVID-19”-a uçranlary ýüze çykarmak maksady bilen itleri nädip türgenleşdirmelidigi barada dünýäniň dürli künjeklerinden soraglar gelip gowuşýar – diýip, Dubaý polisiýasynyň maýory Salah Halifa Al-Mazruiniň aýtdy.
Şu günki günde Finlýandiýa, ABŞ we Fransiýa ýaly başga-da birnäçe ýurtlarda itler arkaly COVID-19-a ýoluganlary anyklamak üçin dürli synaglar geçirilýär.