Pürli agaçlarda, aýratyn hem sosnalarda emele gelýän topbak görnüşli şahalara “janly höwürtgeler” diýilýär. Käbir ýagdaýlarda oňa “jadygöýüň sübsesi” hem diýilýär. Guşlaryň köp görnüşi bu şahalary öz hakyky höwürtgesi hökmünde peýdalanýarlar. Onuň döremegine ösümlikdäki gormonal deňagramlylygyň bozulmagy sebäp bolýar, şahalaryň zeper ýeten böleginde täze gapdal şahalar ýüze çykýar, esasy dikligine ösüş nokady togtaýar. Bu ýagdaýa diňe bir gormonlaryň näsazlygy täsir etmän, eýsem dürli mugthor bedenjikler, kömelekler, bakteriýalaryň käbir görnüşi, aýratyn hem fitoplazmalar täsir edýär. Olaryň agaja ýokuşmagy howa arkaly we mör-möjekler arkaly bolup bilýär. Şeýle-de ösümlikde mutasiýanyň geçmegi, radiasiýa hadysasy, has artykmaç ýa-da aşa pes çyglylyk hem oňa sebäp bolýan ýagdaýlardyr. Her niçik-de bolsa, bu şahalar guşlar üçin taýynjak höwürtge bolup hyzmat edýär. Janly höwürtgeler emele gelende ilkibaşda ýaşyl reňkde, soňra kem-kemden goňrumtyl reňke geçip, gurap başlaýar.

Şeýle pürli agaçlaryň tokaýlyklary Günorta Amerikada köp duşýar.

Amangül Seýitmuhammedowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.