Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili toplumynyň gurluşygynda dürli kuwwatly tehnikalaryň ýüzlerçesi doly güýjünde işledildi. Häzirki wagtda bu ýerde ulanyşa tabşyrmak üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda gurluşygyna girişilen Halkara howa menzili toplumy 275 gektardan gowrak meýdany tutýar. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyby bolan Halkara howa menzili toplumynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary, iň kämil aeronawigasiýa düzümleri ornaşdyryldy. Bu ýerde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge döwrebap şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň esasy orunda durýandygy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi, Jebeldäki Halkara howa menzili toplumynda ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülerine laýyk hyzmat etmäge doly mümkinçilik berer.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda gurulýan howa menzilde uçuş-gonuş zolagy 3200 metre deňdir. Şeýle-de ýolagçy we ýük terminallary, 20 orunlyk uçarmanlar üçin gulluk myhmanhanasy, beýikligi 35 metr bolan howa hereketini dolandyryş diňi, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasy, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen ulaglar gullugy, transformator bekedi, suw saklaýan rezerwuarlar, daşky eltiji ulgamlar we kömekçi binalar bar.