2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Resminamalara Türkmenistanyň we Owganystanyň ygtyýarly wekilleri gol çekdiler. Olar: «Türkmengaz» döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar–Akina hem-de Serhetabat–Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri» baradaky Ylalaşyk.