Tomus paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, elmydama eliňizi arassa saklamaly, daşardan gelnende, nahardan öň we soň, islendik iş ýerine ýetirilenden soň eliňizi sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdelerini ulanmaly. Iş we öý otaglaryny ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalşyp, çygly arassalaýyş işlerini hem geçirip durmaly.
Her bir adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjini hemişe gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak ulanmaly däl.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda öz saglygyňyzy berkitmeli.
Irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli we öýlän sagat 18:00-dan soň arassa howada pasla görä geýnüwli gezelenç etmek maslahat berilýär.
Sagdyn iýmitlenmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý ter gök önümleri we miweleri iýmeli. Gaplanan iýmit önümlerini we şöhlat önümlerini ýylyň yssy pasyllarynda yzygiderli iýmekden saklanmaly.
Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.
Tomus paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmaly. Ýanyňyzda hemişe başgap, açyk reňkli nah matadan bolan ýaglyk we saýawan bolmaly.
Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.