Tailandyň paýtagty Bangkogyň merkezinde guruljak Hatai myhmanhana toplumynyň taslamasy Britaniýanyň “Heatherwick Studio” binagärlik býurosy tarapyndan hödürlendi. Ajaýyp bina 2 aýlaw şekilinde bolup, fonarlary ýada salar. Silom sebitinde 10 müň 500 inedördül metrden gowrak meýdanda guruljak toplumda 2 uly myhmanhana – “Six Senses” we “Narai Hotel” ýerleşer. Mundan başga-da, onda 300 myhmanhana otaglary, bal zaly, konferensiýa zallary, infrastruktura desgalary we sagaldyş merkezleri jemlener. Taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem binalaryň aşagynda ýerüsti pyýada ýodalary bilen 5200 inedördül metr meýdanly jemgyýetçilik giňişligi döredilip, ol ýerlerde hem çagalar baglary, çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler we ýaşyl zolaklar, açyk görnüşli bazarlar bolar. “Bu taslamanyň amala aşyrylmagy adamlaryň arkaýyn gezelenç etmekleri, dynç almaklary, ýagyşdan goragly, baglyk we howdanly ýeri döretmekden ybaratdyr” – diýip binagärlik býurosynyň esaslandyryjysy Tomas Hizerwik belleýär. “Heatherwick Studio” bu Hatai toplumynyň 2028-nji ýylda açylmagyna garaşylýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň we Hojambaz etrap häkimliginiň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.