Ga­za­gys­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on möw­sü­miň iň soň­ky tap­gy­ryn­da bel­li bol­dy. 1-2-nji orun­lar­da bar­ýan “Kai­rat” bi­len “As­ta­na­nyň” ara­syn­da­ky du­şu­şyk çem­pio­ny kes­git­le­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 15-nji mi­nut­da To­ma­so­wyň go­ly bi­len öňe ge­çen paý­tagt­ly­la­ra ozal­ky paý­tagt­ly­lar 56-njy mi­nut­da Sat­pa­ýe­wiň ta­kyk ur­gu­sy esa­syn­da jo­gap ber­di. Şun­luk­da, bu deň­me-deň­lik li­der “Kai­ra­tyň” çem­pi­on­ly­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. Ara­ta­pa­wu­dy sak­lan “Kai­rat” möw­sü­mi 59 utuk bi­len ta­mam­la­dy. On­dan 2 utu­gy az “As­ta­na çem­pio­nat­da 2-nji, şol san­da 54 utuk­ly “To­bol” 3-nji or­ny eýe­le­di. “Kai­rat” to­pa­ry Ga­za­gys­ta­nyň “Prem­ýer Li­ga­syn­da” bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 5-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Al­ma­ty şä­he­ri­niň klu­by mun­dan öň 1992-nji, 2004-nji, 2020-nji we 2024-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy.
Ga­za­gys­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par “As­ta­na” klu­by bo­lup, ola­ryň 7 çem­pi­on­ly­gy bar. 3 to­par – hä­zir­ki wagt­da 2-nji li­ga­da bo­lan “Ir­tyş” (Paw­la­dor), “Kai­rat” (Al­ma­ty) hem-de “Ak­to­be” (Ak­to­be) klub­la­ry-da 5 ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di­ler. 34 möw­sü­mi ta­mam­la­nan çem­pio­nat­da ozal­ky “Spar­tak” ýa-da hä­zir­ki “Ýe­li­maý” (Se­meý), bi­len “Že­nis” (As­ta­na) 3, “To­bol” (Kos­ta­naý) bi­len “Şaht­ýor” (Ka­ra­gan­da) 2, “Ta­raz” (Ta­raz) bi­le­nem “Or­da­ba­sy” (Çim­kent) 1 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.