17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy.
Ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda merkezleri, beýleki desgalar halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: şowhunly el çarpyşmalar bilen täze obanyň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagy kesildi. Soňra dabara gatnaşyjylar täze obada döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär. Obadaky täze orta mekdepde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdepde döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermek üçin zerur şertler bar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, hemmetaraplaýyn bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Täze obadaky döwrebap saglyk öýi häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmançylyk tehnikalary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.
Dabara gatnaşyjylar oba ilatyna we onuň myhmanlaryna dürli görnüşli harytlary hödürlejek döwrebap söwda merkezi bilen tanyşdylar. Bu ýerde azyk önümlerinden başlap, gündelik durmuşda zerur bolan hojalyk harytlaryny satyn almak bolýar.
Täze obada bina edilen çagalar bagynda körpeler üçin oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.
Täze obanyň açylyş dabarasynyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sahnalaşdyrylan kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Şowhunly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp, otaglar ýokary hilli mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylypdyr. Her jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ýaşaýyş üçin oňaýly şertler döredilipdir.