ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda 11 million töweregi adam güýçli deňiz harasatlary sebäpli dörän sil joşmanyň zolagynda galdy diýip, NBC teleýaýlymy habar berdi. Ýaýlymyň maglumatlaryna laýyklykda, ýerli häkimiýetler Los-Anjeles okrugynyň birgiden etraplaryndan ilaty göçürmek barada yglan etdiler. San-Fransiskonyň käbir etraplarynda ýokary derejeli sil howpunyň döremegine garaşylýar.
15-nji fewralda Kaliforniýa gara ýelli çabga ýagyşlary düşdi. Käbir etraplarda 25 mm çenli ygal düşmegine garaşylýar, bu bolsa Los-Anjelesde ortaça aýlyk möçberiň tas çärýek bölegidir. Dowamly ýagyşlar duýdansyz sillere hem-de süýşgünlere getirip biler.
PDF








