Şu gün ir­den Rus­si­ýa­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky Kam­çat­ka ýa­rym ada­sy­nyň go­la­ýyn­da, Ýu­waş um­ma­nyn­da bo­lup ge­çen ýer tit­re­me­si­niň ulu­ly­gy 8,7 ba­la ýet­di. Bu ba­ra­da “RIA no­wos­ti” “Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­te­wi geo­fi­zi­ki hyz­ma­ty» fe­de­ral bar­lag mer­ke­zi­niň Kam­çat­ka bö­lü­mi­niň met­bu­gat gul­lu­gy­na sal­gy­la­nyp ha­bar ber­di. Şeý­le hem Kam­çat­ka­da 2-5 bal ara­ly­gyn­da­ky 30 sa­ny soň­ky sars­gyn­lar ha­sa­ba alyn­dy.
“Bu, Kam­çat­ka seýs­mi­ki fo­kal zo­la­gyn­da 1952-nji ýyl­dan bä­ri iň güýç­li ýer tit­re­me­si bo­lup dur­ýar. Dür­li çak­la­ma­la­ra gö­rä ulu­lyk 8,7 ba­la ýet­ýär” diý­lip be­ýa­nat­da aý­dyl­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Pet­ro­paw­lowsk-Kam­çats­ki­dä­ki ýer tit­re­me­le­riň güý­ji azyn­dan 6 bal bol­dy. Kä­bir ýer­le­riň ila­ty has be­ýik ýer­le­re gö­çü­ril­di. Adam pid­sa­sy­nyň ýok­du­gy ha­bar be­ril­di. Kam­çat­ka ýa­rym ada­sy iň az ilat­ly ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ýu­waş um­ma­nyn­dan bo­lup ge­çen bu ýer­tit­re­me ze­rar­ly ABŞ-nyň Ga­wai ada­syn­da, Hy­ta­ýyň ke­nar­la­ryn­da, Ýa­po­ni­ýa­da we In­do­ne­zi­ýa­da tol­ku­nyň beý­gel­me­gi­niň (su­na­mi) müm­kin­di­gi mä­lim edil­di. Adam­lar de­ňiz ke­na­ry­na go­laý­laş­maz­ly­gy ba­ra­da duý­du­ryl­dy.