28-nji sentýabrda Kamerunda Prezident saýlawy üçin kampaniýa resmi taýdan başlandy. 12 dalaşgär, şol sanda 1 zenan ýurduň iň ýokary wezipesi üçin bäsleşýär. Kampaniýa iki hepde dowam eder we 12-nji oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawynda jemlener. Dolandyryjy Kamerunyň Halk-demokratik hereketiniň lideri, 92 ýaşly häzirki Prezident Pol Biýa ýene-de 7 ýyllyk ýyl möhlete dalaş edýär.