Kamerunyň 92 ýaşyny dolduran Prezidenti Pol Biýa döwlet Baştutany wezipesine gaýtadan saýlandy. Ýurduň Konstitusion kazyýetiniň maglumatyna görä, ol sesleriň 53,66 göteriKamerunyň 92 ýaşly Prezidenti sekizinji möhlete gaýtadan saýlandy
Kamerunyň 92 ýaşyny dolduran Prezidenti Pol Biýa döwlet Baştutany wezipesine gaýtadan saýlandy. Ýurduň Konstitusion kazyýetiniň maglumatyna görä, ol sesleriň 53,66 göterimine eýe boldy. Biýa 1982-nji ýyldan bäri Kameruna ýolbaşçylyk edýär we indi sekizinji gezek ýedi ýyllyk prezidentlik möhletine başlar.
Saýlawlar 12-nji oktýabrda geçirildi we resmi netijeler iki hepde soň yglan edildi. Saýlaw komissiýasy ses bermegiň asuda ýagdaýda geçendigini aýtdy. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Biýa kampaniýa döwründe diňe bir gezek öz çykyşyny gurady we wagtynyň bir bölegini sapar bilen Ýewropada geçirdi.
Pol Biýa dünýäde iň garry döwlet Baştutany hasaplanýar, ol kyrk ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda galýar.
mine eýe boldy. Biýa 1982-nji ýyldan bäri Kameruna ýolbaşçylyk edýär we indi sekizinji gezek ýedi ýyllyk prezidentlik möhletine başlar.

PDF