Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ylym öw­ren­mek, ýaş­la­ry bi­lim­li edip ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da «Ylym ne­ti­je­li ösüş­le­riň esa­sy çeş­me­si­dir, tä­ze açyş­la­ra ruh­lan­dyr­ýan güýç­dür. Eziz Wa­ta­ny­myz­da yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bi­ziň baş mak­sat­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da aý­dyň mak­sat­la­ry we me­ýil­na­ma­la­ry öz­le­ri­ne ýö­rel­ge edi­nen ýaş alym­la­ryň yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça ga­zan­ýan dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri, yl­my açyş­la­ry döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar» di­ýip bel­le­ýär. Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, gel­je­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy bi­lim­li ýaş­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan iň döw­re­bap usul­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da mil­li bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­ler, ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil bi­lim al­ma­gy üçin dö­re­dil­ýän giň ge­rim­li şert­ler äh­li hal­ky­my­zy, aý­ra­tyn hem biz – bi­lim iş­gär­le­ri­ni çäk­siz buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-üp­jün­çi­lik bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, okat­ma­gyň usul­la­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýyl­sa­ýyn kä­mil­leş­di­ril­ýär.
Hal­ky­myz­da «Dil bi­len köp bi­ler», «Dil­ler dün­ýä ýol aç­ýar» di­ýil­ýär. Dil bil­mek adam­zat me­de­ni­ýe­ti­ne, kä­mil ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne ara­laş­ma­gyň, giň dün­ýä­ga­raý­şyň aça­ry­dyr. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len dür­li ugur­lar­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry dün­ýä dil­le­ri­ni go­wy bil­ýän kä­mil hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na ze­rur­ly­gy art­dyr­ýar. Dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak­da, ola­ryň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni, me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­sur­la­ry­ny öw­ren­mek­de dil bil­mek esa­sy se­riş­de bo­lup dur­ýar. Şu jä­het­den, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz­de hem ta­lyp ýaş­la­ra iň­lis di­li­ni çuň­laş­dy­ryp öw­ret­mek, na­za­ry we ama­ly bi­lim­le­ri­ni ber­kit­mek, olar­da iň­lis di­li­ni çuň­ňur öw­ren­mä­ge bo­lan hö­we­si art­dyr­mak ug­run­da yh­las-ba­şar­ny­gy­my­zy gaý­gyr­ma­ýa­rys. Mu­nuň üçin söz­le­ýiş di­li­ni köp ula­nyp, ta­lyp­la­ryň söz baý­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga, sa­pak­la­ry so­rag-jo­gap ar­ka­ly gur­nap, söz­le­ýiş di­li­ni ös­dür­mä­ge köp üns ber­ýä­ris. Gör­kez­me es­bap­la­ryn­dan, wi­deo­şe­kil­li gör­nüş­ler­den peý­da­lan­mak, ter­ji­me et­mek, so­wal-jo­gap alyş­mak ýa­ly usul­la­ryň ula­nyl­ma­gy ýaş­la­ryň dil baý­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­me­gi kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly yl­my mas­la­hat­la­ryň, dür­li dil bäs­le­şik­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ta­lyp ýaş­lar­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­nyň has-da art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş­la­ra, bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne bil­dir­ýän bu be­ýik yna­my­ny öde­mek bi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Biz özü­miz ha­kyn­da edil­ýän ala­da­la­ra jo­gap edip, äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy gaý­gyr­man zäh­met çe­kip, öz bi­li­mi­mi­zi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip, ýaş ne­sil­le­ri my­na­syp ter­bi­ýe­le­me­li­di­ris.
Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da biz – mu­gal­lym­lar üçin şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýe­ti­ren Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, baş­la­ry dik bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Rus­tam BAÝ­RAM­GEL­DI­ÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.