Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öň ýanynda dört ýurt Palestina döwletini ykrar edýändigini mälim etdi. 21-nji sentýabrda Kanadanyň Hökümet Başlygy Mark Karni şu günden başlap Palestina döwletini ykrar edendigini mälim etdi.
Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaniz şu günden (21-nji sentýabr) başlap, Kanada hem-de Angliýa bilen bilelikte Palestinany ykrar etmegi iki döwletli çözgüt üçin halkara tagallalaryň bir bölegidigini aýtdy.
Birleşen Patyşalygyň Hökümet Başlygy Kir Starmer hem Palestina döwletini ykrar edýändiklerini habar berdi.
Bu üç ýurtdan soňra Portugaliýa hem resmi ýagdaýda Palestinany ykrar etdi. Ýurduň daşary işler ministri Paulo Ranhel, Portugaliýanyň Palestinany ykrar edýändigini belläp, hemişelik parahatçylyk üçin iki döwletli çözgüde goldaw berýändiklerini aýtdy.
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Fransiýa, Belgiýa Lýuksemburg, Malta, Andorra we San Marino ýaly ýurtlaryň hem Palestinanyň ykrar etmegine garaşylýar.
Birleşen Patyşalygyň Hökümet Başlygy Starmer Palestinany ykrar edendiklerini mälim edenden soňra Palestina döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa hat ýazyp, bu karar barada mälim etdi. Şeýle hem Starmer ýurduň daşary işler ministri Iwet Kuper bilen palestinaly kärdeşi bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny prosesini ilerletmegi üçin gepleşjekdigini aýtdy. Ol iki ýurduň arasynda konstruktiw we ýakyn gatnaşygyň saklanmagyna garaşýandygyny aýtdy.
BMG-de synçy döwlet statusy bolan Palestinany mundan ozal BMG-niň agzasy bolan 147 ýurt ykrar edýärdi. Indi bolsa olaryň sany 151-e ýetdi.