Kanada we Malta sentýabr aýynda geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Palestina döwletini ykrar etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni we Maltanyň Premýer-ministri Robert Abela mälim etdi.
Kanada soňky günlerde Palestina döwletini ykrar etmek meýilnamasyny yglan eden G7-niň üçünji ýurdy boldy. Ondan öň Fransiýa we Beýik Britaniýa şeýle ädimleri barada yglan edipdiler.
Karniniň pikiriçe, Kanadanyň daşary syýasatynyň üýtgemegine birnäçe ýagdaýlaryň sebäp boldy.
“Hökümet sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde biziň ýurdumyzyň Palestina döwletini ykrar etmek barada karar kabul etdi. Biziň pozisiýamyz Ýakyn Gündogarda dowamly parahatçylygy gazanmak ugrundaky tagallalarymyzy görkezýär” diýip, Maltanyň Premýer-ministri Robert Abela “Facebook”-daky akkaundynda ýazdy.