1880-nji ýylyň 24-nji iýunynda Kanadada geçirilen ilkinji fransuz dilli milli Kongresde “Eý Kanada” (fransuzça: Ô Canada) aýdymy ýerine ýetirilýär. Soňra şol aýdymyň sözleri ýurduň milli senasy hökmünde kabul edilýär. Aýdymyň fransuzça nusgasynyň sözlerini kanadaly şahyr Ser Adolf-Bazil Rutýe ýazýar. Goşgy ilkinji gezek 1906-njy ýylda iňlis diline terjime edilýär. 1908-nji ýylda Robert Sternli Weýr goşgynyň fransuz dilindäki asyl nusgasyndan tapawutlylykda iňlis dilindäki sözlerini gaýtadan ýazýar. “Eý, Kanada!” 1939-njy ýylda resmi bolmadyk döwlet senasy hökmünde kabul edilýär. 1980-nji ýylyň 1-nji iýulynda Dominion gününiň (häzirki wagtda Kanada güni) dabaralarynyň çäginde Britan Patyşasynyň razylygy alnandan soňra Kanadanyň Döwlet senasy baradaky kanun güýje girizilip, ýurduň döwlet senasy hökmünde kabul edilýär. Senanyň sazyny amerikan-kanadaly kompozitor Kaliksa Lawalle ýazýar.