15-nji iýunda Kanadanyň Alberta welaýatynyň Kananaskis şäherinde G7 ýurtlarynyň 51-nji sammiti öz işine başlady. Bu duşuşyk halkara ýagdaýynyň çylşyrymlaşýan döwrüne gabat gelýär. Maslahatyň dowamynda G7 ýurtlarynyň liderleri, halkara söwdasy, global howpsuzlyk, COVID-19 pandemiýasyndan soň ykdysady dikeliş, howanyň üýtgemegi, kiberhowpsuzlyga we saglyk ýaly meseleler barada özara pikir alyşýarlar.

“Uly ýedilik” ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Kanadany öz içine alýan ykdysady taýdan ösen ýedi ýurduň birleşmesidir. Bu maslahata G7 ýurtlarynyň liderlerinden başga-da G7-ä agza bolmadyk Hindistan, Ukraina, Braziliýa, Günorta Afrika Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Meksika we BAE ýaly ýurtlaryň döwlet Baştutanlary gatnaşýar. Mundan öň G7 duşuşygyndan soň bilelikdäki beýanatyň berilmejekdigi habar berildi.