Kanadanyň Liberal partiýasy indiki lideriniň mart aýynda saýlanjakdygyny habar berdi. “Kanadanyň Liberal partiýasy 9-njy martda täze liderini saýlar” diýip, partiýanyň başlygy Saçit Mehra aýtdy. Dalaşgärler 23-nji ýanwara çenli saýlawlara gatnaşýandyklaryny mälim etmeli. Bellige alnan dalaşgär Kanadanyň raýaty ýa-da hemişelik ýaşaýjysy bolmaly.
Golaýda Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo Kanadada dolandyryjy liberal partiýanyň başlygy we Premýer-ministr wezipesinden täze liberal lider saýlanandan soň çekiljekdigini mälim etdi. Mundan başga-da, Premýer-ministr milli parlamentiň işini 24-nji marta çenli togtatdy.
Soňky 10 ýylda Kanadada häkimiýet başynda bolan Jastin Trýudo ýurtdaky ykdysady meseleler we saýlawçylaryň arasynda ynamyň ýitmegi sebäpli işinden çekiljekdigini habar berdi. Günbatar metbugatynda çap edilen maglumatlara görä, kanadalylaryň köpüsi Trýudonyň işinden çekilmeginden kanagatlanýar.