Şu gün Birleşen Patyşalygyň patyşasy Karl III Şa aýaly Kamilla bilen Kanadada saparda bolup, parlamentiň açylyşynda söz sözlär. Bu sapar Karl III-iň tagta çykanyndan soňky ilkinji daşary ýurda syýahaty bolar. Ol ýurduň paýtagty Ottawa saparynyň çäklerinde Kanada parlamentiniň 45-nji çagyrylyşynda “Tagt sözüni” sözlär. Bu sapar Karl III-iň şazada döwründen bäri bu ýurda 20-nji sapary bolar.
Karl III Birleşen Patyşalyk (Angliýa, Uels, Şotlandiýa we Demirgazyk Irlandiýa) bilen bir hatarda Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Karib deňzindäki birnäçe ýurdy öz içine alýan Arkalaşygyň 14 ýurdunyň döwlet ýolbaşçysy hasaplanýar.
Iňlis Milletler Arkalaşygyna (Commonwealth of Nations) agza bolan ýurtlar Britan Imperiýasynyň tabynlygynda bolan ozalky ýurtlaryň meýletin bileleşigidir.
Kanadada parlament täze kanun çykaryş döwri başlanda, hökümetiň başlangyçlaryny we durmuşa geçirjek syýasatyny mälim etmek üçin däbe öwrülen “Tagt çykyşy” edilýär. Kanada parlamentiniň Obşinalar palatasy we Senatdan emle gelen iki palatasy bu çykyş edilmezden işe girişmeýär.
Bu çykyşy adatça, Patyşanyň bu ýurtdaky iň ýokary wekili General Gubernator edýär. Emma bu gezek Tagt çykyşyny täze Premýer ministr Mark Karniniň çakylygy bilen bu ýurda baran hut Karl III ýerine ýetirer.
BBC-niň habar bermegine görä, Kanada parlamentiniň açylyşyna seýrek ýagdaýda Patyşa gatnaşýar. Mundan ozal diňe Şa Zenany Elizabet II 1957-nji hem-de 1977-nji ýyllarda Kanadanyň parlamentinde çykyş edipdi. Şeýlelikde Karl III Kanada parlamentinde söz sözlejek ilkinji erkek hökümdar bolar. Onuň atasy Georg VI 1939-njy ýylda Kanadada saparda bolan hem bolsa, parlamentiň açylyşynda söz sözlemändi.
Birleşen Patyşalygyň patyşasy Karl III Şa aýaly Kamilla 26-njy maýda bu ýurda bardy.