2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýer togalagynyň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy (EA) ulandy, bu bolsa bu tehnologiýalaryň geljekde ýaýramagy üçin uly mümkinçiligiň bardygyny görkezýär. Şunda emeli aňyň ulanylyş derejesi ýurtdan ýurda görnetin tapawutlanýar. Global Demirgazyk ýurtlarynda ornaşdyryş görkezijisi ortaça 24,7%-e ýetýän bolsa, Global Günorta ýurtlarynda bu görkeziji bary-ýogy 14,1%-dir. Bu görkezijilerde goňşy döwletlerden ep-esli öňe geçen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Singapur aýratyn tapawutlanýar.
Bu infografika “Microsoft” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan “Global AI Adoption in 2025” hasabatynyň maglumatlary esasynda emeli aňyň ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş derejesini görkezýär. Analiziň çäginde “Microsoft” dünýäniň 147 ýurdunda emeli aňyň ulanylyş gerimine baha berdi.
Generatiw EA gurallaryny ulanýanlaryň 64,0% paýy bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) diňe bir dünýäde birinji orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem ornaşdyryşyň iň ýokary ösüş depginine eýe bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Hatda “ChatGPT” işe girizilmezinden ozal hem emeli aň tehnologiýalary BAE-niň döwlet hyzmatlarynda işjeň ulanylýardy. Muňa ykdysadyýetiň dokuz sany esasy pudagyny öz içine alýan emeli aňy ösdürmek boýunça 2017-nji ýylda kabul edilen milli strategiýanyň çäginde döredilen irki düzgünleşdiriji we dolandyryş çarçuwalary ýardam etdi. Ikinji orny ilatynyň 60,9 göterimi emeli aň ulanýan Singapur eýeleýär. BAE ýaly, Singapur hem infrastruktura, barlaglara we işläp düzmelere maýa goýup, başlangyç tapgyrda emeli aňa bil baglady.
Ýewropada bolsa Norwegiýa lider boldy, ol 46,4% ornaşdyryş derejesi bilen dünýäde üçünji orny eýeleýär. Ondan soňra ösen tehnologik ekoulgamy bolan Irlandiýa (44,6%) we Fransiýa (44,0%) gelýär. ABŞ-da emeli aňyň ulanylyş derejesi 28,3%-dir, bu bolsa umumy reýtingde 24-nji orna degişlidir. Belälp geçsek, ABŞ-nyň emeli aň barlaglary babatynda öňdebaryjy ornuna we bu pudagyň dünýädäki iň iri kompaniýalarynyň şol ýerde ýerleşýändigine garamazdan, tehnologiýa bolan ynam derejesi birneme pesligine galýar.
Sanawyň iň aşagynda bolsa ilatynyň diňe 5,1%-i emeli aň ulanýan Kamboja ýerleşýär. Ösüş kem-kemden duýulsa-da, ýeterlik bolmadyk maýa goýumlary we çäkli infrastruktura has giňişleýin ornaşdyrmak üçin esasy päsgelçilikler bolup galýar.
PDF









