Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersiteti XIX asyrda äkidilen 116 sany taryhy eksponaty (Benin bürünçlerini) resmi taýdan Nigeriýa gaýtaryp berdi. Bu gymmatlyklar 1897-nji ýylda Benin-Siti şäherinden (häzirki Nigeriýa) alnyp gaýdylypdyr.
Nigeriýanyň Muzeýler we ýadygärlikler boýunça milli komissiýasynyň (NCMM) 2022-nji ýyldaky haýyşy esasynda, eýeçilik hukugy doly Nigeriýa geçirildi. Eksponatlaryň agramly böleginiň şu ýylyň ahyryna çenli Lagos we Benin-Siti muzeýlerine getirilmegine garaşylýar. Jemi 116 sany taryhy gymmatlygyň 17-si ylmy barlaglar üçin ýene 3 ýyllap wagtlaýynça Kembrijde galar.
Nigeriýaly wekiller bu ädimiň diňe bir maddy däl, eýsem kolonial döwürde ýitirilen milli mertebäni we taryhy adyllygy dikeltmek üçin örän möhümdigini nygtadylar. Benin bürünçleri XV-XIX asyrlara degişli bolup, dünýä taryhynda iň ýokary ussatlyk bilen ýasalan metal sungat eserleri hasaplanýar.
PDF









