“OpenAI” amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “AI bot ChatGPT”-ni ulanmakda Keniýa dünýä lideri boldy. Bu barada “Datareportal” tarapyndan geçirilen barlaglarda belli boldy.
Gündogar Afrika Respublikasynda internete elýeterliligi bolan raýatlaryň umumy sanyndan uly ýaşly ulanyjylaryň 42,1 göterimi soňky aýda elektron kömekçiniň hyzmatlaryndan peýdalandy. “ChatGPT” ulanýan ýurtlaryň sanawynda Keniýadan soň BAE, Ysraýyl, Malaýziýa, Braziliýa we Hindistan gelýär.
Bu ugurda dünýädäki ortaça görkeziji 22,3% boldy. Germaniýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Russiýa, Hytaý we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda ulanyjylar ep-esli derejede “ChatGPT”-niň goldawyna ýüz tutýarlar. Erkekleriň zenanlara garanyňda, çatbotdan takmynan, 20% köp ulanýandygy belli boldy.
Hünärmenleriň pikiriçe Keniýanyň bu ugurdaky öňdebaryjylygy innowasiýa tehnologiýalaryna gönükdirilen ýerli ýaşlaryň arasynda mentalitetiň bolmagy, erkin gazançlara esaslanýan ykdysady modeliň meşhurlygy we kiçi kärhanalaryň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.