Ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Türk­men hal­ky­nyň mil­li ly­bas­la­ry, şaý-sep­le­ri bi­len bir ha­tar­da silk­me tel­pek­le­ri hem özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Ab­dy­rah­man Ho­ja­şow hem se­net­çi­lik bi­len meş­gul­la­nyp, il içinde ady­gan yn­san­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýa­kyn­da biz Ab­dy­rah­man aga­nyň döw­let­li maş­ga­la­syn­da myhmançylykda bo­lup, silk­me tel­pek­le­ri­niň ti­ki­li­şi ba­ra­da söh­bet­deş bol­duk.
– Ab­dy­rah­man aga, her bir yn­sa­nyň bel­li bir kä­ri saý­lap al­ma­gy­na nä­me­dir bir zat se­bäp bol­ýar. Si­ziň bu kesp-kä­ri saý­lap al­ma­gy­ňyz­da ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň tä­si­ri ba­ra­da aý­dyp be­räý­se­ňiz.
– Me­niň il­kin­ji ha­ly­pam ka­kam iç­mek we tel­pek ti­ker­di. Ýaş­ly­gym­dan onuň ýa­nyn­da bo­lup, bu kä­ri öw­ren­dim. In­di tel­pek tik­mek bi­len kyrk ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri meş­gul­lan­ýa­ryn. Hä­zir­ki wagt­da ag­tyk­la­rym Ka­ka­gel­di, Hez­re­ta­ly bu se­net­çi­li­ge ju­da hö­wes­li. Olar me­niň ýa­nym­da bo­lup, äh­li iş­ler­de ýa­kyn ýar­dam­çy­la­rym bol­ýar­lar, tel­pek tik­me­giň in­çe syr­la­ry­ny öw­ren­ýär­ler.
– Tel­pek tik­mek üçin nä­hi­li de­ri­niň saý­la­nyp alyn­ma­ly­dy­gy­ny we nä­hi­li ti­kil­ýän­di­gi­ni hem dü­şün­di­rip be­räý­se­ňiz.
– Tel­pek sa­ry­ja goý­nuň de­ri­sin­den ti­kil­ýär. Maý aýyn­da de­ri­le­ri al­ýa­rys. Şon­dan soň iki aý­lap de­ri­le­ri eý­le­ýä­ris. De­ri­niň eý­len­me­gi­niň se­bä­bi çig de­ri­den tel­pek ti­kip bol­ma­ýar. Il­ki bi­len alan de­ri­mi­z sowamanka duz­lap, kö­le­ge­de bir hep­de goý­ýa­rys. Soň­ra ga­tyk bi­len uny ha­myr­ma­ýa sa­lyp ajyd­ýa­rys. 25 de­re­je ýy­ly­lyk­da üç gün­läp orap goý­ýa­rys. Mu­ňa baş­ga­ça de­ri­niň «aşy» di­ýip hem aý­dyl­ýar. Üç gün­den soň de­ri­niň aşy­ny ýe­ne tä­ze­le­ýä­ris. Soň­ra on­dan ga­lan aşy beý­le­ki de­rä ge­çi­rip orap goý­ýa­rys. Her bir de­ri­ni şeý­le usul bi­len iki aýyň do­wa­myn­da eý­le­ýä­ris. Ag­ty­gym Hez­re­ta­ly pil­çä­niň kö­me­gi bi­len il­ki de­ri­niň ha­my­ny aýyr­ýar. Soň­ra ha­my aý­ry­lan­soň, da­şyň kö­me­gi bi­len de­ri­ni sür­ýär, de­ri­niň has-da zy­ba bol­ma­gy üçin kä­se bi­len te­kiz­len­ýär. Taý­ýar de­ri­ni or­ta­ra­syn­dan bel­läp alyp, dür­li öl­çeg­dä­ki ül­ňi­niň kö­me­gi bi­len iki bö­lek edip kes­ýä­ris. Soňra iki­si­ni bi­rik­di­rip tik­ýä­ris. Tel­pe­giň de­pe­si üçin hem ýö­ri­te ül­ňä la­ýyk­lyk­da ýa­rym aý şe­ki­lin­de edip iki bö­lek de­ri­ni ke­sip al­ýa­rys. Ýa­rym aý edip ke­sip al­ma­gy­my­zyň se­bä­bi, de­ri­niň za­ýa bol­maz­ly­gy üçin edil­ýär. Ýa­rym aý şe­kil­de edip ke­si­lip, bi­rik­di­ri­lip ti­ki­len te­ge­lek de­ri bö­le­gi­ni taý­ýar te­ge­lek edip ti­ki­len tel­pe­ge bi­rik­dir­ýä­ris. Ne­ti­je­de, tel­pe­giň da­şy taý­ýar bo­lup, oňa di­ňe iç­lik go­ýaý­ma­ly bol­ýar. Ozal iç­lik­ler ke­çe­den goý­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa pag­ta go­ýup, syr­lan ma­ta­dan goý­ýa­rys. Şeýle hem, al­ky­my­zyň is­le­gi­ne gö­rä, iç­li­gi­ni nä­me­den go­ýmalydygyny aýdylsa, şo­ňa la­ýyk­lyk­da goý­ýa­rys.
– Tel­pegiň tüýüniň kä­bi­ri uzyn, kä­si bol­sa gysga bol­ýar. On­so­ňam nä­hi­li tel­pe­gi haý­sy ýaş­da­ky adam­lar geý­me­li? Şu­lar dog­rusyn­da hem du­rup ge­çäý­se­ňiz.
– Tel­pegiň tüýüniň uzyn­ly­gy ýa-da gysgalygy goý­nuň ýa­şy­na bag­ly bol­ýar. Ak tel­pek­le­ri ýet­gin­jek­ler ýa-da bag­şy-sa­zan­da­lar geý­ýär. Ga­ra tel­pek­le­ri bol­sa, uly adam­lar, ýa­şu­lu­lar geý­ýär­ler.
– Silk­me tel­pek­le­riň adam sag­ly­gy­na peý­da­sy ba­ra­da hem aý­dyp be­räý­se­ňiz.
– Hal­ky­myz türk­men silk­me tel­pek­le­ri­ne köp is­leg bil­dir­ýär. Çün­ki tel­pek­ler to­mus aý­la­ryn­da adam kel­le­si­ni ys­sy­dan, gyş aý­la­ryn­da bol­sa so­wuk­dan go­ra­ýar. Tel­pe­giň içi­ne ke­çe­den iç­lik go­ýlanda adam üçin örän peý­da­ly­dyr.
– Ab­dy­rah­man aga, be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­ri­ňiz üçin köp sag­bol­sun aý­dýa­rys. Kes­bi­ňiz­den ke­mal ta­pyň!
– Bi­ze iş­le­mä­ge, dö­ret­mä­ge, ha­lal zäh­me­tiň hö­zi­ri­ni gö­rüp, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ho­şal­ly­gy­my­zyň çä­gi ýok. Biz hem maş­ga­la ag­za­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de mun­dan beý­läk hem ha­lal zäh­met çe­kip, türk­men silk­me tel­pek­le­ri­ni tik­me­gi ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze öw­ret­me­gi do­wam ede­ris.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.