Her ýylyň iýun aýynyň 27-ne Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda bu goşa baýram aýratyn many-mazmuna beslenip, biziň her birimizde uly ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Köneürgenç etrabynda hem dürli medeni çäreler guramaçylykly geçirilýär. Ýakynda “Kakow” toý mekanynda geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşyp, çärä gatnaşýan medeniýet-sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolduk. Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň folklýor režissýory Jeren Meredowanyň beren gürrüňi has-da täsirli boldy.
– Gahryman Arkadagymyz “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip belläp geçýär. Dogrudan-da her bir halkyň medeniýeti, milletiň däp dessurlary, edim-gylymlary, medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Türkmenistan ýurdumyz bu günki gün milli medeniýeti bilen dünýä ýüzünde tanalýar. Munuň şeýledigini daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet hepdeliginiň, halkara derejesinde medeniýet ulgamy bilen bagly forumlaryň geçirilmegi, daşary ýurtlarda milli medeniýetimizi açyp görkezýän sergileriň guralmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Milli medeniýetimizi kämilleşdirmekde, geljek nesillere galdyrmakda, ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny ýetirmekde, baýramçylykdyr şanly seneleriň şatlyk şowhunyny artdyrmakda medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň aýratyn uly hyzmatlarynyň bardygyny bellemek gerek.
Köneürgenç topragy özüniň medeniýeti, sungaty bilen taryhy mesgen hökmünde diňe bir ýurdumyz däl, eýsem dünýä ýüzünde tanalýar. Köneürgenç gadymdan belli-belli aýdymçylaryň, bagşydyr sazandalaryň mekany diýsegem ýalňyş bolmasa gerek. Şeýle bagşylaryň hatarynda Baýar Baýramow, Sapa Togalakow, Mämmet Meredow, Pirjan Moşşyýew, Bazar Baýramow, gyjakçy Mätjan Annakulyýew dagyny görkezmek bolar. Türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşan bu bagşylaryň döredijiligi, sungat ýoly bu günki gün ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolýar. Biziň maşgala agzalarymyzyň aglabasy medeniýet-sungat ulgamynda zähmet çekýär. Men hem 44 ýyldan bäri Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň dürli ugurlarynda dürli wezipelerde zähmet çekip gelýärin. Biziň maşgalamyz medeniýet-sungat bilen baglanşykly diýsem ýerlikli bolsa gerek. Ýanýoldaşym Meretgeldi Meredow hem ömrüniň ahyryna çenli Köneürgenç etrap medeniýet merkezinde dürli kärlerde zähmet çekip, at-abraý gazanan ynsanlaryň biri. Oglum Saparmuhammet Meredow häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýada okaýar. Geçen ýyly “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly medal bilen sylaglanmagym meni we maşgala agzalarymy diýseň begendirýär, buýsandyrýar. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetime mynasyp baha berip hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym, işe bolan höwesimi has artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda biz medeniýet-sungat işgärlerine döredijilik bilen meşgullanmagymyz üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde aýdym-sazyň hoş owazy elmydama ýaňlanyp dursun diýip, uly buýsanç bilen gürrüň berdi.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, etrap zenanlar bölüminiň kätibi.