Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda Wonsan-Kalma syýahatçylyk zolagy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu barada Koreýanyň Merkezi telegraf agentligi (KCNA) habar berdi. Dünýä derejesindäki şypahana gündogar kenarda, Kalma ýarym adasyndaky Wonsan şäherinde ýerleşýär. Açylyş dabarasyna KHDR-iň lideri Kim Çen Yn gatnaşdy.
Ol öz çykyşynda baý syýahatçylyk çeşmelerine eýe bolan, şeýle hem syýasy durnuklylygy we ulgamlaýyn güýji kepillendirýän KHDR-de syýahatçylyk pudagynyň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. Syýahatçylyk ykdysady ösüş üçin güýçli hereketlendiriji, medeni ösüşe we sebitleýin gülläp ösüşe itergi berip biler.
Kim Çen Yn Wonsan-Kalma syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky “buýsançly ilkinji ädimdigini” belledi.
Uly kenarýaka syýahatçylyk zolagynyň 4 kilometre uzaýan kenarda ýerleşýändigi we bir wagtda 20 müň töweregi myhmany kabul edip biljekdigi mälim edildi. Toplumyň çäkleri myhmanhanalary, söwda we güýmenje merkezlerini, plýažlary, sport meýdançalaryny, restoranlary we akwaparky öz içine alýar.
Şypahana zolagy ýerli syýahatçylar üçin 1-nji iýulda açyldy. Daşary ýurtly syýahatçylaryň ol ýere haçan baryp biljekdigi barada entek maglumat ýok.