Baltika deňziniň kenarynda ýerleşýän Şwesiýanyň Hellewik şäherçesi häzirki wagtda hemmäniň üns merkezinde. Ilaty 1,5 müňe hem ýetmeýän şäherçe mundan öň balykçylyk pudagy bilen bellidi. Ýöne häzirki wagtda şäherçe futbol kluby bilenem meşhurlyk gazanyp başlady. «Mýallbýu AIF» toparynyň Şwesiýanyň çempionaty «Allsvenskan»-da ilkinji gezek çempionlyk gazanmagy şäherçäniň abraýyny arşa galdyrdy. 
Çempionatyň 27-nji tapgyrynda ýurduň öňdebaryjy toparlaryndan «Gýoteborgy» 2–0 hasabynda ýeňip, taryhy çempionlyk gazanan «Mýallbýu» topary 20 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Çempionat ýene-de 2 tapgyrdan soň tamamlanar. Şol galan 2 oýunda-da topar ýeňilmese, onda olar çempionaty 1 ýeňliş bilen tamamlar. Bilşiňiz ýaly, Şwesiýanyň çempionaty kalendar senenamasy boýunça bir ýylyň dowamynda geçirilýär. Mysal üçin, şu ýyl çempionatyň 101-nji möwsümi bolup, ol şu ýylyň martynda başlady we noýabr aýynyň ilkinji on günlüginde-de tamamlanar. Ýagny çempionat gyşda geçirilmeýär. Ýewropada çempionatlary gyşda geçirilmeýän 6–7 sany ýurt bolup, şolaryň biri-de Şwesiýadyr.
Ilatynyň agramly bölegi balykçylyk bilen meşgullanýan kiçeňräk şäherçäniň bu kluby 1939-njy ýylyň 1-nji aprelinde esaslandyrylýar. Şäherçe ýurduň 25 welaýatynyň biri bolan Günorta Şwesiýada ýerleşýän Blekinge welaýatynyň çägindedir. Iki toparyň birleşmegi bilen «Mýallbýu AIF» adyny alan klub uzak ýyllap, hiç kimiň ünsüni çekmän aşaky ligalarda çykyş edýär. 1980-nji ýyllaryň başynda iň ýokary liga çyksa-da, bu ýerde uzak galmak başartmaýar. 1985-nji ýylda aşaky liga düşen toparyň täzeden «Allsvenskan»-a çykmagy üçin çärýek asyr gerek bolýar. Topar 2009-njy ýylda Şwesiýanyň iň ýokary ligasyna dolanyp, 5 ýyllyk göreşden soň ýene-de aşaky ligalarda oýnap başlaýar. 2016-njy ýylda klub maliýe babatda kynçylyk çekýär. Ýöne ýerli işewür Magnus Emeusyň tagallasynyň netijesinde klub şol kynçylygy ýeňip geçýär.

Toparyň tälimçisi Anders Torstensson: — Hiç hili bergisiz, ygtybarly ädimler bilen öňe ýöredik. Biz, esasan, oýunçylarymyzy ýaşlykdan türgenleşdirip, olary özümiz kemala getirdik. Netijede, taryhy ýeňşe ýetmek bize başartdy — diýip, belläp geçýär. 2015-nji ýylda 2-nji ligadan aşaky liga düşen topar bu ýerde 3 möwsüm çykyş edýär. 2019-njy ýylda 2-nji liga, 2020-nji ýylda bolsa ýokary liga gaýdyp gelýär.
Toparyň tejribeli ýarymgoragçylaryndan Wiktor Gustafson klubuň ýeten taryhy sepgidi bilen baglanyşykly: — Hakykatdanam şeýledigine ynanmak kyn. Irden turanymda sanawa gaýta-gaýta seredip, öz-özüme bu bir düýş diýýärdim — diýip, gürrüň berýär. Gustafson 2018-nji ýylda klubuň düzümine goşulanda, topar 3-nji ligada çykyş edýärdi. Ol: — Şol döwürlerde çempionlyg-a aňyrda dursun, 2-nji liga çykmagam ýetdirmeýän arzuwdy. Men topara gelenimde 3-nji ligadadyk, maksadymyz 2-nji liga çykmakdy. Indi bolsa çempion. Kimiň kellesine gelerdi — diýip, Gustafsonyň özi hem çempionlyga geň galýar.
2023-nji ýylda klub ýurduň kubok ýaryşynyň finalyna çykyp, uly başarnyk görkezýär. Finalda «BK Haken» toparyndan asgyn gelse-de, bu üstünligi geljekki çempionlygyň buşlukçysy hökmünde görýänler hem bolýar.

Topar ýerli duşuşyklaryny Baltika deňzini etekläp oturan «Strandvallen» stadionynda geçirýär. 7 müň 500 orunlyk stadionda toparynyň ähli duşuşyklaryna tomaşa edýän janköýerlerden Herman Oleander öz kluby barada: — Bu ýerde ýaşaýanlaryň ählisi bilelikde ulaldy. Topardaky ähli futbolçylary gowy tanaýarys. Köpüsi biziň ýakynlarymyz bolup durýar. Biz bu başarnyga bilelikde ýetdik. Şäherçämiz üçin iň uly waka we munuň şaýady bolmak biziň üçin ullakan bagt, begenjimiziň çägi ýok – diýip, gürrüň berýär.
Taryhy çempionlyk gazanan klubuň futbolçylarynyň transfer bazaryndaky umumy gymmaty 16 million ýewro deň. Toparyň iň gymmatly futbolçysy gambiýaly Abdulie Manneh bolup, onuň transfer bazaryndaky bahasy 2 million ýewrodyr. Topar geçen tomusda oýunçy transferine 1,1 million ýewro harçlap, klubdan ugradan futbolçylaryndanam 3 million ýewro gazandy. Manneh bilen bir hatarda, Herman Ýohansson, Elliot Stroud ýaly futbolçylar geçiren gollary hem-de eden asistleri bilen çempionlyga uly goşant goşýarlar.

Şol bir wagtyň özünde mekdepde ýolbaşçylyk hem edýän toparyň tälimçisi Torstensson klubuň çempionlygynyň şwed futbolynyň taryhyndaky iň uly garaşylmadyk netijesi diýip belleýär. Ol: — Aslynda, oýundan soň metbugat ýygnagyny geçirmek üçin ibaly ýerimiz, üsti ýapyk desgamyz hem ýok. Ýöne biziň iň uly desgamyz şu ýerde — diýip, beren interwýusynda ýüregini görkezýär.
«Mýallbýu» toparynyň köne bäsdeşi golaý şäherleriň biri bolan Kalmar şäheriniň adybir topary hasaplanýar. «Mýallbýu» topary bilen «Kalmar FF» toparynyň arasyndaky duşuşyklara Günorta kenar derbisi hem diýilýär. Ýöne soňky ýyllarda «Mýallbýu» ýurduň beýleki öňdebaryjy toparlaryndan «Malmö», «Gýoteborg» hem-de AIK klublary bilen bäsdeşligi ýokarlanýar.
Sary-gara reňkli köýnekçede çykyş edýän «Mýallbýu» topary geljek möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna 2-nji saýlama tapgyrdan başlap gatnaşar. Ýagny öňündäki 3 topary ýeňen ýagdaýynda läheňleriň ligasynda çykyş eder.
Gazetiň sport synçysy
PDF









