Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, onuň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­lar, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy ösü­şi ýo­ka­ry de­re­je­de sak­la­mak; mak­ro­yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, şol san­da bu işi hu­su­sy pu­da­gyň tut­ýan or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we yk­dy­sa­dy­ýe­ti düz­gün­leş­dir­me­giň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň ha­sa­by­na alyp bar­mak; yk­dy­sa­dy­ýe­ti kö­pu­gur­ly ös­dür­mek bi­len, ahyr­ky önüm hök­mün­de çig ma­la bag­ly­ly­gyň pe­sel­dil­me­gi­ni ga­zan­mak, bar bo­lan çig mal se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak; tä­ze se­na­gat önüm­çi­lik­le­ri­ni we iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek; yk­dy­sa­dy­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­le­ri 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar. Şu­lar bi­len bir­lik­de, pu­dak­lar­da önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak; oba ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we san­ly­laş­dyr­mak, ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, şol san­da adam ma­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ry çek­me­giň gu­ral­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek; şä­her­gur­lu­şyk we ýa­şa­ýyş jaý mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam et­dir­mek; döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge gol­daw ber­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň da­şar­ky tä­sir­le­re dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri hem aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len döw­le­te da­hyl­syz pu­da­ga be­ril­ýän yzy­gi­der­li gol­daw­lar esa­syn­da hu­su­sy pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi, te­le­ke­çi­le­riň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­mak­la­ry üçin hem ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de hö­wes­len­dir­mek, döw­let gol­da­wy­ny ber­mek ar­ka­ly hu­su­sy­ýet­çi­li­gi iler­let­mek, je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­dä­ki döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy­ny 2025-nji ýyl­da 71,6 gö­te­ri­me ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hu­su­sy bö­le­gi­niň ägirt uly se­riş­de­le­re eýe­di­gi­ni bel­le­ýär. Şo­ňa gö­rä, bu gün­ki gün te­le­ke­çi­ler ähli pudaklaryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler.
Di­ýa­ry­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi saz­la­şyk­ly ös­dür­mek, hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak üçin amat­ly hu­kuk, yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe-dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Mu­nuň özi te­le­ke­çi­lik dü­zü­mi­niň, sal­gyt ul­ga­my­nyň esas­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de, eks­port-im­port amal­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň, ýer bö­lek­le­ri­ni böl­me­giň ter­ti­bi­niň, ýe­ňil­lik­li karz­la­ry ber­me­giň ýö­ne­keý­leş­di­ril­me­gin­de hem-de te­le­ke­çi­ler üçin karz­la­ry, güm­rük we söw­da amal­la­ry­ny res­mi­leş­dir­me­giň ka­da­la­ry­nyň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu çä­re­ler 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Bu res­mi­na­ma Türk­me­nis­tan­da hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň iş­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek ar­ka­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­niň sak­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da berk yk­dy­sa­dy bin­ýa­da esas­la­nyp, mak­ro­yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy we je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Bu ýyl­da se­bit­de geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýyň dur­nuk­ly sak­la­nyp ga­lan şert­le­rin­de je­mi içer­ki önü­miň dep­gi­ni 6,3 gö­te­rim de­re­je­de bo­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň, il­kin­ji no­bat­da, je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy howp­suz­ly­gy­na, se­na­gat-in­no­wa­si­on ösü­şe gö­nük­di­ri­len ugur­lar bo­ýun­ça pu­dak­lar­da do­wam et­di­ril­ýän öz­gert­me­le­riň, çig ma­ly gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze pu­dak­la­ry dö­ret­mek bi­len, ola­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň, he­re­ket ed­ýän kär­ha­na­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, ýo­ka­ry go­şu­lan gym­ma­ty bo­lan önüm­çi­lik­le­ri art­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ama­la aşy­ry­lar.

Hij­ran AK­MY­RA­DOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.