Adatça, ýük ulaglary ullakan gabarasy bilen tapawutlanýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, äpet ulaglar dag-magdan känlerinde, gurluşykda we oba hojalygynda ýük daşamak üçin ulanylýar.
Ýük ulagynyň iň kiçisini ýaponlar öndürýär. «Kei-traki» diýlip atlandyrylýan kiçijik ýük ulagynyň uzynlygy 3,4 metre, ini 1,48 metre ýetýär. Agramy 700 kilogramdan geçmeýän «kei» ýük ulaglary ýangyjy tygşytly sarp edýän 660 kub santimetrlik hereketlendiriji bilen işleýär. Ýük göterijiligi 350 kilograma barabar bolan bu ýük ulagy ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, tehniki taýdan dolandyrmakda hem aňsat hasaplanýar. Oba hojalygynda, şäherde ýük daşamak we baryp bolmajak ýerlerde işlemek üçin ulanylýan mini ýük ulaglarynyň sagatdaky tizligi 88-140 kilometre ýetýär.
4 tekeri bilelikde işleýän (4WD) «kei» ýük ulaglary «Suzuki» (Carry), «Daihatsu» (Hijet), «Honda» (Acty), «Subaru» (Sambar), «Mitsubishi» (Minicab) we «Nissan» (Clipper) ýaly kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. Girdenek ulaglar bahasynyň arzanlygy, köpugurlylygy we barmasy kyn ýerlere ýük eltmäge amatlylygy bilen meşhurdyr. «Kei» ýük ulaglary tehniki çykdajysyz 320 müň kilometr ýol geçip bilmegi bilen tapawutlanýar. Kiçijik ýük ulaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda uly islegden peýdalanylýar.
PDF









