21-23-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar.
Çäräniň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda möhüm waka, çagalaryň bilim hem-de ösüş pudagynda pikir we tejribe alyşmak üçin meýdança bolmagyna garaşylýar.
Sergi çagalar üçin hyzmatlar pudagynda işleýän kompaniýalara öz innowasion önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga, täze bazarlara çykmaga we bu ugurdaky esasy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikler döreder.
Sergide bilim edaralarynyň, çagalar merkezleriniň wekilleri, şeýle hem döwlet we hususy pudaklardan hyzmatdaşlar bilen duşuşmaga mümkinçilik dörär.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl ilkinji gezek geçirilen sergä 90-dan gowrak eksponent, 10 müňden gowrak myhman gatnaşypdy.