18 – 20-nji martynda Russiýanyň Moskwa şäherindäki “Crocus Expo IEC” sergiler merkezinde “Kids Russia” sergisi geçiriler. Çagalar we ýetginjekler üçin önümlere we hyzmatlara bagyşlanylan çäre türkmen işewürlerine öz önümleriniň ýaýrawyny giňeltmäge we geljegi uly hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
“Turkmen Expo” gyzyklanma bildirýän kompaniýalary 19-njy gezek geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre işewürligi ösdürmek, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giň halk köpçüligini önümler bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär.
Çagalar we ýetginjekler üçin harytlar we hyzmatlar bazarynda ýaz paslynda geçirilýän möhüm pudaklaýyn çäre bolan “Kids Russia” sergisinde oýunlar, oýunjaklar, okuw gollanmalary, mekdebe degişli esbaplar, çaga lybaslary, saglyk we gözellik serişdeleri we başga-da köp harytlar görkeziler.
Sergä 5 – 10 müň aralygynda myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolaryň 80 göteriminiň haryt satyn aljakdygy çaklanylýar. Çäräniň “FOOD EXPO” (azyk önümleri) we “HOUSE HOLD” (öý-hojalyk harytlary) sergileri bilen bir wagtda geçirilmegi olary görmäge gelýänleriň sanyny has-da artdyrar.