Kipr Respublikasy 1-nji ýanwardan başlap, Daniýadan estafetany kabul edip alyp, ýarym ýyllyk möhlet bilen ÝB Geňeşinde başlyklyk edip başlady. Bu Kipriň ÝB-däki ikinji başlyklygydyr. Ada döwleti bu wezipäni ilkinji gezek 2012-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetiripdi.
Kipriň Prezidenti Nikos Hristodulidis mundan ozal öz ýurdunyň ÝB Geňeşiniň ýolbaşçylygyny “ýiti geosyýasy sarsgynlaryň we çaklap bolmajak ýagdaýlaryň fonunda” kabul edip alýandygyny belläpdi. Ol Kipriň ÝB-niň awtonomiýasyny (özbaşdaklygyny) güýçlendirmegiň üstünde işlejekdigine söz berdi. Prezidentiň pikiriçe, bu “Ýewropa integrasiýasynyň ösýän taslamasyndaky zerur indiki ädimdir”. Hristodulidisiň sözlerine görä, “has awtonom birleşik mümkin bolan ýerinde daşky hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur içki güýji görkezer, şeýle hem zerur bolan ýagdaýynda garaşsyz hereket eder”.
Ada döwletiniň Baştutany bu ýolda biri-biri bilen baglanyşykly bäş sany maksady kesgitledi: howpsuzlygy üpjün etmek we goranmagy güýçlendirmek, çökgünliklere taýýarlygy ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak we dünýä has açyk bolmak, ählumumy gymmatlyklary öňe sürmek, öz-özüni üpjün edip bilýän birleşigi goldajak býujeti kemala getirmek.
Ileri tutulýan ugurlary
Prezident başlyklyk döwrüniň esasy ugurlary hökmünde goranmagy we howpsuzlygy (şol sanda energetika howpsuzlygyny) güýçlendirmegi, ykdysady durnuklylygy, migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmagy, sanly özygtyýarlylygy we sebitara baglanyşygy pugtalandyrmagy, şeýle hem ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny yzygiderli azaltmagy üpjün etmegi öňe sürdi. Şeýle hem Kipr kanunyň rüstemligini berkitmek, çagalary goramak, internetde howpsuzlygy kepillendirmek, gender deňligini goldamak, garyplygy azaltmak we elýeterli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek başlangyçlaryna ns berer.
Daşary syýasatda Kipr ÝB-niň giňelmegine uly ähmiýet bermäge we dünýäde bolup geçýän wakalarda Ýewropa bileleşiginiň ornuny ýokarlandyrmaga çalyşýar. Nikosiýa şeýle-de Ýewropanyň global hyzmatdaşlary bolan ABŞ, Beýik Britaniýa we beýleki pikirdeş ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ugur hökmünde garar.
Kiprdäki sammit
Kipr şeýle hem suw gytçylygy meselesini çözmäge we ÝB-niň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen syýasy we ykdysady taýdan ýakynlaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hristodulidis 23-24-nji aprelde Nikosiýada geçiriljek ÝB-niň resmi däl sammitine köp sanly Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi ýurtlarynyň liderlerini çagyrdy. Kipriň ÝB Geňeşindäki başlyklygy döwründe adada Ýewropa ýurtlaryndan 30 müň myhmanyň gatnaşmagynda 260-dan gowrak çäre geçiriler.
PDF









