Hytaýly alymlar emeli fotosintez arkaly kislorod öndürýän hem-de raketa ýangyjyny öndürmek üçin gerekli organiki birleşmeleri öndürýän tehnologiýasyny tanyşdyrdylar. Hytaýyň “Tiangong” kosmos bekedinde iş alyp barýan astronawtlar tebigy fotosintez hadysasyna öýkünip, Gün şöhlesini, kömürturşy gazyny hem-de suwy kisloroda we organiki birleşmelere öwürýän tehnologiýadan peýdalandylar.
Bu tehnologiýanyň maksady astronawtlara Aýda ýa-da Marsda uzak wagtlap galmaly bolanlarynda olara kömek bermekden ybarat. Bu tehnologiýa arkaly kislorod we ýaşaýyş üçin beýleki zerur zatlar öndürilip, asman jisimi bilen Ýeriň aralygyndaky gatnawy azaldar.
Synagyň Hytaýyň kosmos bekediniň “Mengtian” modulynda geçirilendigi mälim edildi. Bu tehnologiýa astronawtlaryň dem berenlerinde çykarýan kömürturşy gazyny tutup, dem alyp boljak kisloroda öwürýär.