Köp­ler ki­ta­by okap lez­zet al­ýan hem bol­sa, kä­bir adam eser­le­ri diň­le­me­giň has tä­sir­li­di­gi­ni bel­le­ýär. Ki­ta­byň ada­ma tä­sir­li­li­gi şah­sy is­le­ge we ýag­da­ýa bag­ly­lyk­da üýt­ge­ýär. Ki­ta­by oka­mak ýa-da diň­le­mek – bu­la­ryň iki­si hem ge­rek­li mag­lu­mat­lar bi­len özü­ňi ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. As­lyn­da, iki usu­ly bi­le­lik­de ulan­mak has peý­da­ly­dyr.
Ata-ene­le­riň kö­pü­si ça­ga­la­ryň ki­tap oka­ma­ga bo­lan hö­we­si­ni nä­dip ýo­kar­lan­dyr­ma­ly­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­ýar­lar. Iň köp so­ral­ýan so­rag­la­ryň bi­ri hem: ki­ta­by oka­saň tä­sir­li­mi ýa-da diň­le­seň? Ge­liň, bu iki usu­lyň ar­tyk­maç­ly­gy­na se­re­de­liň!
Soň­ky 5 ýyl­da elekt­ron ki­tap­la­ryň, esa­san hem, au­dio ki­tap­la­ryň (ses­li ki­tap) sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, «ha­ky­ky» ki­tap öň­ki ga­dy­ryn­da gal­ýar. Ka­gyz ki­ta­byň we au­dio ki­ta­byň her­si­niň öz aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, her haý­sy dür­li şert­ler­de hem-de dür­li mak­sat­lar­da ula­nyl­ýar. My­sal üçin, ses­li ki­ta­by diň­lä­ni­miz­de on­da­ky jüm­le­le­re has dyk­gat­ly üns ber­ýä­ris. Söz­le­ri we teks­tiň ma­ny aý­ra­tyn­ly­gy­ny sel­jer­ýä­ris. Şeý­le hem au­dio ki­tap­da kä­bir bö­lek­le­ri gaý­ta­lap-gaý­ta­lap diň­läp, ma­ny­sy­na has anyk dü­şün­ýä­ris. Au­dio ki­tap­da se­se go­şu­lyp, bi­le­lik­de gaý­ta­la­mak has aň­sat ýat­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ses­li ki­ta­byň ýe­ne bir ar­tyk­maç­ly­gy ýa­nyň­da ki­tap gö­ter­mez­den ge­ze­len­je gi­de­niň­de ýa-da köp­çü­lik ýe­ri­ne ba­ra­nyň­da hem diň­läp bol­ýar.
Ha­tyň 6 müň ýyl ozal oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ka­gyz ki­tap­lar adam­la­ra has ýa­kyn bo­lup, göz bi­len aky­ly bir­leş­dir­ýär. Ki­ta­by gö­züň bi­len yzar­lap okap bar­şy­ňa, akyl hem okan zat­la­ry­ňa sel­jer­me ber­ýär. Diň­le­mek oka­mak­dan has aň­sat. Em­ma ki­ta­by oka­nyň­da be­den ag­za­la­ry zäh­met çek­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da okuw­çy­la­ra ber­len ýu­muş­lar­da ki­ta­by okan­la­ryň, au­dio ki­tap diň­län­ler­den ýo­ka­ry ba­ha alan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Mu­nuň se­bä­bi nä­me­de?
Ki­ta­by oka­nyň­da il­ki bi­len ün­sü­ňi bir ýe­re jem­le­ýär­siň. Ki­ta­by eliň bi­len tu­tup, sa­hy­pa­la­ry ge­çir­ýär­siň. Şeý­le hem söz­ba­şy, gi­riş, dü­şün­di­riş ýa­ly bö­lüm­le­ri aý­ra­tyn oka­ýar­syň. Ge­rek­li ýe­ri­ňi ýa-da dü­şün­me­dik ýe­ri­ňi bel­lik edip, gaý­ta­dan oka­ýar­syň. Au­dio ki­tap­da bu müm­kin­çi­lik­ler ýok. Ses­li ki­tap­da di­ňe ses diň­le­ýär­siň we pi­kir yzar­la­ýar­syň. Şeý­le hem au­dio ki­tap­da bir se­siň gaý­ta­la­nyp dur­ma­gy so­ňa­ba­ka iç­gys­gynç bo­lup baş­la­ýar. Hü­när­men­ler dil öw­ren­mek is­le­ýän­ler üçin au­dio ki­tap­la­ryň has amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Se­bä­bi tä­ze öw­ren­ýän di­liň­de haý­sy söz nä­hi­li aý­dyl­ýan­dy­gy­ny, ba­sy­myň ni­rä düş­ýän­di­gi­ni diň­le­mek ar­ka­ly has go­wy öw­re­nip bol­ýar. Em­ma çe­per eser­le­riň ha­ky­ky ki­tap­dan okal­ma­gy mas­la­hat be­ril­ýär.
Umu­man, ösen döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ryn­dan we müm­kin­çi­lik­ler­den ýer­lik­li peý­da­lan­ma­ly. Iki usu­lyň hem öz ýe­rin­de uly kö­me­gi bar. Esa­sy zat bolsa ki­ta­by haý­sy usul­da oka­ýan­dy­gy­ňa ga­ra­maz­dan, iç­gin öw­ren­mek we öz­leş­dir­mek­dir. Ki­tap ada­myň iň ýa­kyn dos­ty bo­lup, gy­zyk­lan­ýan so­wal­la­ryň jo­ga­by­ny ta­pyp bol­ýar. Ki­çi­lik­den baş­lap yzy­gi­der­li ki­tap oka­ýan adam­lar has akyl­ly we giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ýar­lar. Şol se­bäp­li ki­tap oka­ma­gy en­dik ediň! Ki­tap si­ziň kä­mil­leş­me­gi­ňiz we gel­je­gi­ňiz üçin iň yg­ty­bar­ly mag­lu­mat çeş­me­si­dir.