Adamzat taryhynyň ähli döwründe kitap ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we ruhy gymmatlyklaryň iň möhüm çeşmesi bolup gelipdir. Kitap diňe bir kagyza ýazylan sözleriň ýygyndysy däl, eýsem, akylyň, duýgynyň we zamananyň ylym derejesiniň jemidir. Kitap adamzat ösüşiniň ähli tapgyrlarynda möhüm orun eýeleýär. Kitabyň üsti bilen adamlar öňki nesilleriň tejribesini, pähimini we ruhy baýlygyny geljek nesillere ýetirýärler. Şonuň üçin hem kitap adamzadyň iň belent döredijilik baýlygydyr.
Bilim – her bir jemgyýetiň ösüşiniň we döwrebaplaşmagynyň esasy güýjüdir. Bilim almak üçin bolsa, ilkinji nobatda, kitaba ýüzlenmek zerurdyr. Kitap arkaly adam diňe maglumat edinmän, eýsem, düşünjesini giňeldýär, pikirlenmegi, dogry netijä gelmegi öwrenýär. Kitap adamyň içki dünýäsine täsir edýär, onuň ruhy derejesini ýokarlandyrýar.
Kitap medeniýetiň hem möhüm bölegidir. Her milletiň medeni derejesi kitaba bolan garaýşy bilen ölçelýär. Kitabyň üsti bilen halkyň taryhy, däp-dessurlary, ahlak kadalary, döredijilik sungaty we jemgyýetçilik pikirleri nesillerden nesillere geçýär.
Kitap okamak şahsyýetiň kemala gelmeginde möhüm bolup, adam pikirlenmegi, göz öňüne getirmegi, duýmagy we döredijilikli bolmagy başarýar. Kitap adamyň dil baýlygyny artdyrýar, sözleýiş we ýazuw endiklerini gowulandyrýar. Dürli mazmunly kitaplar – taryhy, ylmy, edebi, psihologik ýa-da durmuş temaly eserler okyjynyň ruhy ýagdaýyna we dünýägaraýşyna täsir edýär.
Ýaş nesiller üçin kitabyň orny has-da uludyr. Okuwçylar we talyplar kitap arkaly diňe bir maglumatlary özleşdirmän, eýsem, durmuşda ýolgörkeziji pähimleriň çeşmesini hem tapýarlar. Şonuň üçin ýaşlaryň kitap okamak endigini ösdürmek jemgyýet üçin möhüm wezipedir. Kitap okamak endigini kiçi ýaşdan başlap ýola goýmak, ýaşlary elektron serişdelerden bilim almak üçin peýdalanmaga ugrukdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselesidir.
Geçmiş bilen geljegiň arasynda gurlan akyl köprüsi bolan kitapda taryhy wakalar, ylmy açyşlar, filosofiki pikirler we döredijilik sungatynyň iň gymmatly nusgalary saklanyp, öz döwrüniň düşünjesini, medeni derejesini we ösüşini görkezýän kitaplary okamak döwrüň ruhuna düşünmekdir.
Dünýäniň meşhur alymlary, akyldarlary we döredijilik adamlary kitaby öz üstünlikleriniň açary hasaplapdyrlar. Kitap diňe bir bilimiň çeşmesi däl, eýsem, adamyň akyl hem ruhy taýdan ösüşiniň möhüm guralydyr. Kitap okamak adamyň jemgyýete peýdaly şahsyýet bolmak ugrunda ädýän möhüm ädimidir. Şonuň üçin hem ýaş nesillerde kitap okamaga höwes döretmeli, kitap bilen ýaşaýan jemgyýeti döretmeli. Çünki kitap adamzadyň iň ýakyn dostudyr.
Jemal MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy.
PDF








