Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen yglan edilmegi ýurdumyz üçin taryhy gymmatlyklary, milli buýsanjy we geljege ynamy özünde jemleýär. Bu şygar Garaşsyzlygyň mizemez esaslaryny, baky Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji syýasatyny we türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän atçylyk medeniýetini wasp edýär.
Şu ýylyň dowamynda milli mirasy gorap saklamak, atçylyk sungatyny ösdürmek, bedew atlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bilen bagly çäreleriň giň gerimde geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýaş nesilde watansöýüjiligi, milli gymmatlyklara hormat goýmagy we zähmetsöýerligi terbiýelemek esasy maksatlaryň biridir. Bu ugurda ýurdumyzyň kitaphana işiniň wekilleri hem öz mynasyp goşandyny goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamynyň kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserlerinden täsirli söhbetdeşlikler guraýarlar. Bu eserler milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Kitap adamzat medeniýetiniň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň esasy çeşmeleriniň biridir. Kitaphanalar bolsa bu gymmatly mirasy nesilden-nesle ýetirýän möhüm bilim we medeni merkezler bolup durýar. Häzirki döwürde kitaphana işini kämilleşdirmek, aýratyn-da çagalaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Kitaphana işi jemgyýetiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn orna eýedir. Döwrebap kitaphanalar diňe bir kitap saklanýan ýer bolman, eýsem, okuw, terbiýe, ylmy-barlag we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Kitaphanalarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, elektron kataloglaryň döredilmegi we okyjylara döwrebap hyzmatlaryň hödürlenmegi bu ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Çagalar kitaphanalary ýaş nesliň aň-düşünjesiniň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Çagalar üçin niýetlenen kitaphanalarda olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk kitaplar, ertekiler, ylmy-köpçülikleýin neşirler we terbiýeçilik ähmiýetli eserler jemlenýär. Şeýle hem kitap okamak çäreleri, döredijilik duşuşyklary, edebi bäsleşikler we terbiýeçilik söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirilýär.
Çagalaryň pikirleniş ukybynyň, söz baýlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýän kitaphanalaryň işini ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we hünärmen kitaphanaçylary taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi we çagalar kitaphanalaryna aýratyn üns berilmegi bilimli, watansöýüji we ruhy taýdan baý nesli terbiýelemäge gönükdirilen möhüm ädim bolup durýar.
Uzukjemal SAPAROWA,
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň şahamça müdiri.
PDF









