Diýarymyzda kitaphana işi kämilleşdirilýär, kitaphanalaryň kitap gorlary ýylsaýyn baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeniýet ulgamyny ösdürmek meselelerine üns berilmek bilen, häzirki zaman elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalar hereket edýär. Bu bolsa adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň kitaba, aň-paýhasa, ylma bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy. Bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri – has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de kitaphanalara ýaýradylar.
Diýarymyzda ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler, gazanylan netijeler, kitaba, kitaphana berilýän ünsi has güýçlendirdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde maddy-enjamlaýyn binýady innowasiýalara esaslanýan bilimler çeşmesiniň merkezleri döredildi. Şonuň netijesinde, Daşoguz, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze kitaphanalar ulanmaga berildi. Olarda çaphana önümlerini, golýazmalary we gadymy kitaplary saklamak üçin häzirki zaman şertleri döredildi.
Ýurdumyzyň iri kitaphanalarynyň biri hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasydyr. 1941-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kitaphanada köp sanly ylmy neşirler bolup, Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň ösmegine, olaryň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga, ykdysadyýetiň we medeniýetiň ýokary galmagyna hemaýat edýär. Kitaphana ylmy edebiýatlaryň umumy hazynasyny döredýär; Türkmenistanyň YA-nyň ylmy edaralaryny we dürli pudaklarda işleýän hünärmenleri, medeniýet işgärlerini kitaphanaçylyk bibliografiki hyzmat bilen üpjün edýär; kitaphanaşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitabyň taryhy ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
Ruhy baýlygymyz hasaplanýan kitaplaryň aýawly saklanmagyna hem-de kitaphana işiniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Nartäç ABDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.