25-nji maýda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň uly zalynda Aşgabat şäheriniň gününe we Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan serginiň «Türkmenleriň medeniýeti we durmuşy. Halyçylyk» atly jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, ýaş suratkeşler we olaryň ene-atalary, çaga ýazyjylary, kitaphanaçylar, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň Okuwdan daşary çäreler merkeziniň «Мистецтвознавці» döredijilik birleşmesiniň ýaş suratkeşleriniň sergisi baýramdan bir hepde öň açyldy.
Çykyşlarda türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, medeniýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň şöhlelenýändigi bellenildi. ÝUNESKO tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmeginiň türkmen halylarynyň daşary ýurtlarda meşhurlygynyň has-da artmagyny şertlendirendigi nygtaldy.
Çäräniň dowamynda “Iki mergen” türkmen halk ertekisiniň ses taslamasy ukrain dilinde hödürlendi.
Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ý.Lopata we «Мистецтвознавці» döredijilik birleşmesiniň başlygy Ý.Apanasenko medeni-ynsanperwer we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen halysynyň baýramynyň çäginde tematiki surat sergisi geçirildi, şeýle hem türkmen halylary, halyçylyk we Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu baýramyň bellenilmegi barada wideoşekiller görkezildi.