UEFA-nyň täze ýaryşy, ýagny 3-nji derejeli klub bäsleşigi Konferensiýa Ligasynda täze möwsümiň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Ýaryşyň faworitlerinden “Kristal Palas” myhmançylykda, has takygy, Polşada Kiýewiň “Dinamosyny” Munýos (31) hem-de Nketianyň (58) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňip, 3 utuk bilen başlady. “Kristal Palas” topary umumylykda 19 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we bu görkeziji klubuň rekordyna deňdir.
Bu ýaryşda 2 gezek finalda utulan “Fiorentina” topary öz meýdançasynda çehleriň “Sigma Olomous” toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. Italýan toparynyň gollaryny Pikkoli (27) bilen Ndur (90+5) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Ukrainanyň beýleki topary Doneskiň “Şahtýory” myhmançylykda “Aberdin” toparyny 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Sloweniýanyň “Selýe” topary öz meýdançasynda Afinynyň AEK toparyny Kowaçewiçiň het-trigi bilen 3-1 hasabynda ýeňdi.
Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşini gazanan Bosniýa we Gersegowinanyň “Zrýinski Mostar” topary öz meýdançasynda Gibraltaryň “Linkoln Red” Imps toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi.
1-nji duşuşyklaryň netijeleri:
Dinamo Kiýew – Kristal Palas: 0-2,
Lozanna-Sport – Breidablik: 3-0
Noa – Riýeka: 1-0
Zrýinski Mostar – Linkoln Red Imps: 5-0
Ýagelloniýa Belastok – Hamrun Spartans: 1-0
Leh Poznan – Rapid Wien: 4-1
KuPS – Drita: 1-1
Omoniýa – Maýns: 0-1
Raýo Wallekano – Şkendiýa: 2-0
Aberdin – Şahtýor Donesk: 2-3
Sparta Praga – Şamrok Rowers: 4-1
Fiorentina – Sigma Olomous: 2-0
AEK Larnaka – AZ Alkmaar: 4-0
Legiýa – Samsunspor: 0-1
Selýe – AEK Afiny: 3-1
Rakuw Çenstohowa – Uniwersitatea Kraiowa: 2-0
Şelburn – BK Haken: 0-0
Slowan Bratislawa – Strasbur: 1-2