Bir­nä­çe ýur­duň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan ko­fe pla­ne­ta­nyň bel­li ýer­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ha­sy­ly­ny al­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek we taý­ýar önü­mi ön­dür­mek, şeý­le-de uzak ara­lyk­da­ky müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­me­gi­niň köp zäh­met ta­lap ed­ýän­di­gi üçin ko­fe bir­nä­çe ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de hem uly orun eýe­le­ýär.
Ko­fä­niň dür­li gör­nü­şi bo­lup, olar, esa­san, «ara­bica» we «ro­bus­ta» at­ly iki gör­nüş­li dä­ne­den ön­dü­ril­ýär. Dün­ýä­dä­ki ko­fä­niň 75 gö­te­ri­mi «ara­bica» gör­nü­şi­ne de­giş­li bo­lup, esa­san, Bra­zi­li­ýa­da we Ko­lum­bi­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýum­şak lez­ze­ti bo­lan bu ko­fe süý­ji, ça­la kis­lo­ta­ly we mi­we ýa­ly ta­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem dü­zü­min­dä­ki ka­fei­niň muk­da­ry az bo­lup, ýu­wan ha­sap­lan­ýar. Ko­fä­niň dört­den bir bö­le­gi­ni «ro­bus­ta» gör­nü­şi­ne de­giş­li ko­fe eme­le ge­tir­ýär. Esa­san, Wýet­nam­da we In­do­ne­zi­ýa­da ön­dü­ril­ýän ko­fe dä­ne­si has ajy bo­lup, dü­zü­min­dä­ki ka­fe­in muk­da­ry köp. Şeý­le bo­lan­soň, «esp­res­so» ýa­ly has ajy ko­fe gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­nyl­ýar.
Ko­fe önüm­çi­li­gin­de Bra­zi­li­ýa, Wýet­nam, Ko­lum­bi­ýa, In­do­ne­zi­ýa we Efio­pi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­de 70-den gow­rak ýurt­da ko­fe ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Em­ma glo­bal önüm­çi­li­giň 75 gö­te­ri­mi ýo­kar­da ag­za­lan ýurt­la­ra de­giş­li­dir. Ge­çen ýyl Bra­zi­li­ýa­da 3 mil­li­on 756 müň ton­na ko­fe ha­sy­ly al­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de, ko­fe önüm­çi­li­gi­niň 40 gö­te­ri­mi bu ýur­da de­giş­li bo­lup dur­ýar. Ikin­ji ýer­de dur­ýan Wýet­nam­da ýyl­da or­ta­ça 1 mil­li­on 660 müň ton­na ko­fe ön­dü­ril­ýär. Bu bol­sa, glo­bal önüm­çi­li­giň 20 gö­te­ri­mi­ne ga­bat gel­ýär. Üçün­ji ýer­dä­ki Ko­lum­bi­ýa­da bol­sa, 756 müň ton­na ko­fe ha­sy­ly alyn­ýar. Bu bol­sa glo­bal önüm­çi­li­giň 10 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr.
Ko­fe sarp et­mek­de Finl­ýan­di­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýurt­da ýyl­da jan ba­şy­na 12 ki­log­ram ko­fe sarp edil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji Nor­we­gi­ýa­da 9,9 ki­log­ra­ma, Is­lan­di­ýa­da 9 ki­log­ra­ma deň.