Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy Ko­li­zeý am­fi­te­at­ry abat­la­nyp, onuň için­de ýer­ze­min gat gur­lar. Ýur­duň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi bi­na abat­la­nan­dan soň­ra onuň il­ki­baş­da­ky dur­ku­na eýe bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. 18,8 mil­li­on ýew­ro bö­lü­nip ber­len tas­la­ma­nyň 2023-nji ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de, am­fi­te­at­ryň myh­man­la­ry onuň ir­ki dö­wür­ler­dä­ki ýag­da­ýy­ny gö­rüp bi­ler­ler. Me­de­ni­ýet mi­nist­ri Da­rio Fran­çe­ski­ni­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, bi­na­nyň aşa­gy­na agaç­dan ýe­ne bir gat gur­lar. Açy­lyp-ýa­pyl­ýan bu gat «Mi­lan In­geg­ne­ria» in­že­ner­çi­lik kompaniýasy ta­ra­pyn­dan gur­lar. Abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­len­den soň­ra bu ýer­de dür­li çä­re­le­riň gu­ral­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Ar­heo­log­lar XIX asyr­da ge­çi­ri­len abat­la­ýyş iş­le­rin­de dün­ýä­niň ýe­di tä­sin­li­gi­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan 2 müň ýyl­dan gow­rak ta­ry­hy bo­lan Ko­li­ze­ýiň ýer­ze­min ga­ty­ny aý­ryp­dyr­lar. Şon­da bi­na­nyň aşa­gyn­da­ky ýe­ras­ty ge­çel­ge­ler ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dy. Kompaniýa­nyň we­kil­le­ri tä­ze gu­rul­jak açy­lyp-ýa­pyl­ýan ga­tyň te­bi­gy yşy­gyň we ho­wa­nyň ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­re gir­me­gi­ni üp­jün et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Rim im­pe­ri­ýa­sy­nyň iň uly am­fi­teatr­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ko­li­zeý­de ge­çi­ri­len çä­re­le­re 50 müň­den gow­rak adam to­ma­şa ed­ýän eken. 2019-njy ýyl­da Ko­li­ze­ýe 7,6 mil­li­on syýahatçy ba­ryp­dyr.

Döw­let Gur­ba­now,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.