Kolumbiýa Niderlandlar bilen bilelikde gazylyp alynýan ýangyçdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek boýunça ilkinji halkara maslahaty geçirer. Ol şu ýylyň 28–29-njy aprelinde Santa-Marta şäherinde guralar. Çäre dünýäniň energetika ulgamlarynyň kömürden, nebitden we tebigy gazdan durnukly energiýa çeşmelerine geçmegi meselelerine we bu işde ýurtlara goldaw bermegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.
Maslahat hökümetleriň wekillerini, halkara guramalaryny, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça bilermenleri, şeýle hem ýerli halklaryň, ýerli jemgyýetleriň we raýat jemgyýetiniň wekillerini birleşdirer. Esasy temalar “adalatly geçiş” üçin hukuk, ykdysady we durmuş strategiýalaryny işläp düzmek, şeýle hem gazylyp alynýan ýangyçdan garaşlylygy azaltmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek bolar.
Bu çäre BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP30) 30-njy sessiýasynyň ýakynda tamamlanmagyndan soň meýilleşdirildi, sebäbi ol ýerde gazylyp alynýan ýangyçdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmegiň anyk meýilnamasy boýunça ylalaşyk gazanylmady.
Bu Kolumbiýanyň we Niderlandlaryň häkimiýetleriniň “arassa” energetika geçmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin aýrybaşga meýdança döretmek baradaky karara gelmeginiň sebäpleriniň biri boldy.
Maslahatyň wezipeleriniň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine, ykdysady diwersifikasiýa we kömür, nebit hem-de gaza garaşly bolan iş orunlarynyň we jemgyýetleriň goldanylmagyna ýardam bermek hem agzalýar. Guramaçylar bu maslahatyň döwletleriň we beýleki gatnaşyjylaryň dürli milli we sebit kontekstlerinde ulanyp boljak gurallary we başlangyçlary işläp düzmekdäki tagallalarynyň birleşmegine ýardam berip biljekdigine garaşýarlar.
PDF









