Mon­go­li­ýa­da Çin­giz ha­nyň döw­rün­den 1941-nji ýy­la çen­li ula­nyl­an kö­ne mon­gol ýa­zu­wy­na gy­zyk­lan­ma bar­ha art­ýar. Ýur­duň ila­ty bu ýa­zu­wa he­mi­şe hor­mat go­ýup, ony go­rap­dyr­. Kö­ne mon­gol ýa­zu­wy beý­le­ki ýa­zuw­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, ke­se­li­gi­ne däl-de, dik­li­gi­ne we ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na ýa­zyl­ýar. Harp­la­ryň şe­ki­li Ýa­kyn Gün­do­gar­dan göz­baş al­ýar: Or­ta asyr­la­ryň kö­ne uý­gur we sog­dyý elip­bi­ýi­niň üs­ti bi­len ga­dy­my Si­ri­ýa ýa­zu­wy­na uza­ýar. Kö­ne mon­gol elip­bi­ýi XIII asyr­da, ýag­ny mon­gol­lar Ýew­ra­zi­ýa­nyň ägirt uly gi­ňiş­lik­le­rine ara­la­şan wagt­la­ry dö­re­di­lip­dir.

2015-nji ýyl­da ýur­duň par­la­men­ti Be­ýik Döw­let Hu­ra­ly ki­ril­li­sa elip­bi­ýi­niň ula­nyl­ma­gy­ny ma­kul­la­ýan hem-de mek­dep me­ýil­na­ma­syn­da Kö­ne mon­gol ýa­zu­wy­ny hök­ma­ny öw­ren­me­gi ile­ri tut­ýan Ka­nuny ka­bul et­di.

Aman GUR­BAN­GY­LY­ÇEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.