13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, giň gerimli özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyny 2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.