Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de türk­men hal­ky­nyň ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň al­tyn ha­zy­na­sy­na go­şul­ýar, ta­ry­hy­myz dün­ýä ta­ry­hy­nyň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de öw­re­nil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, dün­ýä alym­la­ry­nyň ün­si türk­men top­ra­gyn­da­ky Nu­saý, Merw, Sa­rahs, Kö­ne­ür­genç ýa­ly ga­dy­my şä­her­le­re gö­nük­ýär. Bu ýa­dy­gär­lik­ler ta­ry­hy dö­wür­ler­den ha­bar ber­ýär. Şo­nuň üçin hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ese­rin­de me­de­ni mi­ra­sy­my­zy – mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy yn­sa­na sag­lyk ber­ýän, ata-enä­ni hor­mat­la­ýan gö­zel­lik äle­mi­ne de­ňe­ýär.
Goý­ny 360 pir­li, ka­şaň bi­na­gär­li­gi, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, ösen se­net­çi­li­gi, yl­my we me­de­ni­ýe­ti bi­len şöh­rat­la­nan ga­dy­my Kö­ne­ür­gen­jiň geç­miş­den ha­bar ber­ýän ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri, met­jit­le­ri, maw­zo­leý­le­ri türk­men ta­ry­hy­nyň aja­ýyp dür­dä­ne­le­ri­dir. Da­na pe­der­le­ri­miz «Me­de­ni mi­ras – ebe­di mi­ras» di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Bu gün­ki gün Kö­ne­ür­gen­jiň bi­na­gär­lik mi­ra­sy­na tu­tuş dün­ýä­de uly hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy hem mu­nuň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler hem ru­hy baý­ly­gyň bir gör­nü­şi­dir. «Geç­mi­şi bol­ma­dy­gyň gel­je­gi bol­mäz» diý­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da­ky ýa­dy­gär­lik­ler hem hal­ky­my­zyň geç­mi­şi­ni bil­mä­ge kö­mek ed­ýär. Ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­nyň esa­sy mer­kez­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ko­ne­ür­gen­jiň ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk bi­na­lar­dyr. En­çe­me ne­sil­le­riň be­ýik hor­mat-sy­la­gy göz öňün­de tu­tu­lyp, bu ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my 2005-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Gür­genç, Ür­genç, Kö­ne­ür­genç. Dür­li dö­wür­ler­de dür­lü­çe at­lan­dy­ry­lan bu şä­her türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm or­na eýe­dir. Umu­ma­dam­zat ýa­şaý­şy­nyň äh­li dö­wür­le­ri üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­ga öw­rü­len Kö­ne­ür­gen­jiň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri geç­miş­den ha­bar ber­ýär. Ol ýa­dy­gär­lik­le­riň kö­pü­si çe­per dö­re­di­ji­li­giň ýo­ka­ry nus­ga­la­ry hök­mün­de yk­rar edil­di. Olar­dan özü­niň owa­dan­ly­gy, ka­şaň­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Tö­re­beg ha­ny­myň köş­gi, Kö­ne­ür­genç türk­men döw­le­ti­ni esas­lan­dy­ran Anuş­te­gin­ler mi­ras­dü­şer şa­ly­gy­nyň üçün­ji ar­ka­sy­nyň mi­ras­dü­şer şa­sy Il Ars­la­nyň küm­me­ti, be­lent­li­gi bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­da bi­rin­ji orun­da dur­ýan Gut­lug Te­mi­riň mi­na­ra­sy, ýer­li ila­tyň di­lin­de Gök güm­mez hem-de Şyh Şe­rep ba­ba diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Sol­tan Te­ke­şiň aram­gä­hi, Kö­ne­ür­gen­jiň şöh­ra­ty­na şöh­rat go­şan, tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de we Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da ady uly hor­mat bi­len tu­tul­ýan be­ýik akyl­dar, uly alym we hak­dan içen şa­hyr, mu­sul­man dün­ýä­sin­de «Di­niň uly ýyl­dy­zy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, türk­men hal­ky­nyň be­ýik ogul­la­ry­nyň bi­ri, göz gu­wan­jy hem buý­san­jy Nej­med­din Kub­ra­nyň aram­gä­hi we beý­le­ki­ler bi­ze hal­ky­my­zyň we ata Wa­ta­ny­my­zyň geç­miş ta­ry­hy­ny bil­mä­ge, öw­ren­mä­ge, ola­ra buý­san­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Bu ýa­dy­gär­lik­ler ta­ry­hy dö­wür­ler­den ha­bar ber­ýär.
Tö­re­beg ha­ny­myň ýa­dy­gär­li­gi­niň bi­na­gär­lik bi­çü­win­de we be­zeg iş­le­rin­de dört pa­syl, on iki aý, Gün, ýyl­dyz­lar, şeý­le hem bir­nä­çe älem­şy­nas­lyk yl­my­na de­giş­li be­zeg iş­le­ri us­sat­lyk bi­len ula­ny­lyp­dyr. Gut­lug Te­mir hem onuň aýa­ly Tö­re­beg ha­nym ha­kyn­da­ky ýat­la­ma­lar halk ha­ky­da­syn­da şu gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Hem­ra Ýu­su­bo­wyň «Ga­dy­my Ho­rez­miň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da be­ril­ýän mag­lu­ma­ta gö­rä, 1907-1908-nji ýyl­lar­da han ha­zy­na­sy­nyň ha­sa­by­na Kö­ne­ür­genç­de med­re­se gu­rul­ýar. Med­re­se hä­zir­ki wag­ta çen­li go­wy sak­la­nyp­dyr. Ol il ara­syn­da Daş­met­jit diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Şol med­re­se­de hä­zir Kö­ne­ür­gen­jiň ta­ry­hy-me­de­ni mu­zeý-go­rag­ha­na­sy ýer­leş­ýär. Ga­dy­my Ho­rez­miň ýü­re­gi bo­lan Gür­genç özün­de, gör nä­hi­li, aja­ýyp gö­zel­li­gi, yma­rat­la­ry, Ho­rez­miň bi­na­gär­li­gi­niň dür dä­ne­le­ri­ni jem­le­mek bi­len, açyk meý­dan­da öz­bo­luş­ly jan­ly mu­zeý bo­lup hyz­mat ed­ýär. Üs­tün­den müň ýy­la go­laý wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, üç ýüz alt­myş pir­le­riň me­ka­ny bo­lan ga­dy­my Kö­ne­ür­genç­dä­ki şa­la­ryň, akyl­dar­la­ryň küm­met­le­ri­ne, gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­dä­ki mer­da­na ata­la­ry­my­zyň şa­ny­na gur­lan ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re edil­ýän zy­ýa­rat­la­ryň yzy üzü­le­nok. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň öz şöh­rat­ly pe­der­le­ri­ne goý­ýan sy­lag-hor­ma­ty­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Her bir adam öz ýa­şa­ýan ýe­ri­niň geç­mi­şi­ni bil­mä­ge, ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge ça­lyş­ma­ly­dyr. Wa­ta­ny­ny söý­ýän, oňa buý­san­ma­gy ba­şar­ýan adam ru­hy taý­dan baý­dyr. Türk­men hal­ky üçin Wa­tan, ene top­rak hem­me zat­dan eziz hem mu­kad­des­dir. Şo­nuň üçin Wa­tan hak­da, Wa­ta­nyň mu­kad­des­li­gi hem eziz­li­gi hak­da oý­la­na­nym­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan ke­mal ta­pan «Wa­ta­na söý­gi iň be­ýik söý­gü­dir», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri­ni ýy­gy-ýy­gy­dan buý­sanç bi­len ýat­la­ýa­ryn.
Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yh­la­sy­na eý­le­nen me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da, ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi yn­san­per­wer­li­ge, ha­lal­ly­ga, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge bar­ýan mil­li ru­huň be­lent bas­gan­çak­la­ry­na ýe­tir­mek­de ýa­daw­syz zäh­met çek­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ju­ma­gül Ho­ja­ýe­wa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.